Zenan şlýapalarynyň dabarasy, gaýmak bilen ýertudana, uly nobatlar we berk dress-kod bularyň ählisi Wimbledonyň tennis ýaryşydyr. 145 ýyl mundan ozal ilkinji oýunlar Angliýanyň otunda oýnaldy. Bu iň gadymy tennis ýaryşynyň däpleriniň üýtgewsizligi barada MIR24-iň sport synçysy Giwi Twaltwadze gürrüň berdi.
“Wimbledon” bu adynda “Open” goşundysy bolmadyk ýeke-täk, özboluşly tennis ýaryşy. Bir ýarym asyryň içinde bu ýerde hiç zat üýtgemedi diýen ýaly. Bu ýaryşyň esasy aýratynlygy otlardyr. Bu ýerde oňa aýratyn üns bilen garalýar. Ol Ýorkşir graflygynda ösdürilýär, tehnologiýasy bolsa gizlin saklanylýar.
Ösümlik emeli ýagtylykda ösmeýär.Bu ýerde jenaplar we hanymlar diýlip atlandyrylýan tennisçiler üçin hem aýratyn düzgünler hereket edýär.Olar oýna diňe ak eşikde gatnaşyp bilýärler. “Wimbledonyň” öz goragçysy hem bar.
Korta eýýäm birnäçe ýyl bäri Rufus atly gyrgy garawullyk edýär.Häzirki günde “Wimbledona” petek satyn almak üçin janköýerler çadyrlarda gijäni geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde, köp adamlar üçin ýaryşyň özi däl-de, atmosferasy has möhümdir.
Bu ýerde tennisçilere we janköýerlere gaýmak bilen ýertudana hödür edilýär.Her paýda dogry on miwe bar.Olar ýörite ýaryş üçin Londondan uzak bolmadyk ýerde ösdürilip ýetişdirilýär.Iki hepdäniň dowamynda janköýerler 28 tonnadan gowrak ýertudana iýýärler.
Ine, eýýäm 145 ýyl bäri “Wimbledon” öz däp-dessurlaryny saklaýar.Häzirki wagtda bu kortlarda mahabat bolmadyk ýeke-täk tennis ýaryşydyr. Şeýle-de bolsa, bu ýaryş senenamada iň girdejilileriň biri bolmagynda galýar.