Wildberries kärhanasynyň Moskwadaky ofisinde ýaragly çaknyşyk boldy

Wildberries kärhanasynyň Moskwadaky ofisinde ýaragly çaknyşyk boldy

Ýurduň meşhur E-söwda kärhanasy Wildberriesiň Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki esasy ofisinde ýaragly çaknyşyk boldy.

Çaknyşykda 2 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy.

Waka bilen baglanşykly 28 adam göz tussaglygyna alyndy.

E-söwda kärhanasy Wildberriesiň esaslandyryjysy Tatýana Bakalçuk çaknyşygyň bolan mahaly Telegram hasabyndan beren beýanatynda, ozalky ýoldaşy Wladislaw Bakalçukyň ýolbaşçylyk etmegindäki toparyň ofisi ele geçirmäge synanyşandygyny belläp: "Polisiýa gullugynyň ýagdaýy gözegçilik astyna almagyny talap edýärin" diýip belledi.

Wildberries iýun aýynda täze sanly söwda platformasyny döretmek üçin "Rus" reklama kärhanasy bilen birleşjekdigini habar beripdi. E-söwda kärhanasy Wildberriesiň esaslandyryjysy Tatýana Bakalçukyň ozalky ýoldaşy Wladislaw Bakalçuk bolsa oňa garşy bolupdy.

Iýul aýynda Tatýana Bakalçuk Wildberriesiň 1 göterimine eýe bolan ýoldaşy bilen aýrylyşmak üçin kazyýete ýüz tutupdy.

Ýene degişli makalalar

Polşa NATO Çagyryş Berdi
Özbegistanly hokkeýçi Aşgabatdaky halkara ýaryşyň netijeli oýunçylarynyň başyny çekýär
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Wladislaw Tretýak ýene-de Russiýanyň hokkeý federasiýasynyň prezidentligine saýlanyldy
2009-njy ýylda ABŞ-da talaňçylykda we adam öldürmekde aýyplanan Türkmenistanyň raýaty 19 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm edildi
Russiýany Basyp Alma Maksadymyz Ýok