Wiktor Orbandan, Türkiýe we Prezident Erdogan Hakynda Öwgüli Sözler…

Wiktor Orbandan, Türkiýe we Prezident Erdogan Hakynda Öwgüli Sözler…

Wengiýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Türkiýe we Prezident Erdogan hakynda öwgüli sözler aýtdy.

ABŞ-da geçirilýän NATO agza ýurtlaryň liderler sammitine gatnaşmak üçin Waşigtona giden Orban, Prezident R. T. Erdogan bilen bolan duşuşygy hakynda beýannama berdi.

Wiktor Orban, Türkiýäniň Ukrainada parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin esasy aktýordygyny subut edendigini, Prezident Erdoganyň, Russiýa we Ukraina bilen ylalaşyk gazanyp bilýän ýeke-täk döwlet ýolbaşçysydygyny aýtdy.

Orban, ýurdunyň ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne almagynyň yzy ýanyndan ilki Ukraina, soň bolsa Russiýa we Hytaýa sapar gurandygyny ýatlatdy.

Wiktor Orban, Erdogan bilen bolan duşuşygynda, Ukraina söweşinde ýetilen sepgidiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady.

Orban “Prezident Erdogandan alyp barýan parahatçylyk syýasatymyza goldaw bermegini isledim” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Wengriýada Saparda Bolýar
Prezident Erdogan Wengriýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Wengriýanyň Premýer-ministri Orban Türk Dünýäsiniň Ýokary Ordeni Bilen Sylaglandy
“Bu Asyr Türk Dünýäsiniň Asyry Bolar”
Trampyň Prezidentlige Saýlanmagy Ýakyn Gündogara Öz Täsirini Ýetirer
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny