Amerikaly Antonio Romero Monteýro wideo oýunlaryň has giň toplumyny ýygnap, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi.Tehas ştatynyň ýaşaýjysy 24 müň 268 oýun jemledi.Riçmond şäherinde ýaşaýan Monteýro ozal hem rekordlar kitabyna adyny ýazdyrypdyr.
Geçen ýylyň dekabrynda onuň jemlän oýunlarynyň sany 20 müňden geçipdir.Tehasly Monteýronyň öýünde 100 sany oýun konsuly bar.Onuň ýygnan wideo oýunlarynyň umumy bahasynyň 2 million dollardan gowrakdygy çaklanylýar.
Monteýro çagalykdan wideo oýunlaryna uly gyzyklanma bildirýän eken.Wagtyň geçmegi bilen ol hakyky güýmenjä öwrülipdir.
Sünnet MEHMANGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.