Wezipesinden çekilýändigini mälim etdi

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Liz Trass “Downing-strit”-däki rezidensiýasynyň öňünde eden çykyşynda öz işinden çekilýändigini mälim etdi. Bu barada “Sky News” teleýaýlymy habar berdi.

Ol şol bir wagtyň özünde, Konserwatiw partiýanyň täze lideri saýlanýança wezipesinde galjakdygyny aýtdy. Partiýanyň täze lideriniň saýlawlary indiki hepdede geçiriler diýip, Trass belledi.

Liz Trass häzirki wezipesinde 45 gün işledi we Beýik Britaniýanyň taryhynda iň az işlän Premýer-ministr boldy. Mundan öň bu ugurdaky rekord 1827-nji ýylda wezipedekä aradan çykan Jorj Kannunge degişli bolup, ol ýurdy 119 gün dolandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýada saýlaw: köplügi alan partiýa bolmady
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri Rişi Sunagy gutlady
Tramp: "Men wezipede bolan bolsadym Ysraýyla hüjüm edilemzdi we Ukrainada söweş bolmazdy" diýdi
Möhletinden öň saýlawlar geçirildi
Sekiz dalaşgär dalaş edýär
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi