Wetteliň şowsuzlygy we Hamiltonyň ýeňşi

Formula 1 boýunça möwsümiň 11-nji bäsleşigi Germaniýanyň Hokenhaým şäherçesindäki 4574 metrlik “Hokenhaýmring” trassasynda geçirildi. 67 aýlawdan ybarat bolan bäsleşigi ýer eýesi hökmünde görülýän Sebastian Wettel (“Ferrari”) ilkinji hatardan bat aldy. Ýaryş 52-nji aýlawa çenli adaty ýagdaýda dowam etdi. Ýagşyň güýçlenmegi bilen typançak bolan ýodada sanawyň lideri kiçeňräk awariýa sezewar boldy.

Ol ulagyna erk edip bilmän, netijede, ýaryşdan çykdy. Şondan soň, 57-nji aýlawa çenli ýaryş howpsuzlyk ulagynyň gözegçiliginde geçdi.Ahyrynda-da wagtynda amala aşyran pit-stop taktikalary bilen bäsleşip, öňdäki orunlara çykan “Mercedes”-iň britan piloty Lewis Hamilton öňe saýlandy.

Aslynda, ol 14-nji bolup ýaryşa başlapdy.Galan 10 aýlawy-da ýeňillik bilen 1-nji orunda tamamlan Hamilton şu möwsümdäki 4-nji, karýerasyndaky 66-njy ýeňşini gazandy.Ondan 4,5 sekunt yza galan topardaşy, finlýandiýaly Waltteri Bottas 2-nji ýere mynasyp boldy.

Hamiltondan 6,7 sekunt soň, pellehana gelen başga bir fin piloty, “Ferrari” toparynyň wekili Kimi Raikkonen 3-nji orny eýeledi.Gollandiýaly Maks Werstappen (“Red Bull”), germaniýaly Niko Hulkenberg (“Renault”), fransiýaly Roman Grožan (“Haas”), meksikaly Serhio Perez, fransiýaly Esteban Okon (ikisem — “Force India”), şwesiýaly Markus Eriksson, awstraliýaly Brendon Hartli degişlilikde, 410-njy ýerleri eýeläp, ýaryşda utuk gazanan beýleki pilotlar boldy.Bu ýaryşdan soň, utugyny 188-e ýetiren Hamilton sanawda 1-nji orna çykdy. Öz ýurdundaky “Gran Prini” şowsuzlygy sebäpli utuksyz tamamlan Wettel 2-nji basgançaga düşdi (177 utuk). 34-nji orunlary paýlaşýan finlýandiýaly pilotlar — Raikkoneniň 131, Bottasyň 122 utugy bar.

Awstraliýaly Daniel Rikkiardo 106 utuk bilen 5-nji hatarda barýar.Toparlaryň arasynda-da utugyny 310-a ýetiren “Mercedes” öňe saýlandy. “Ferrariniň” 302, “Red Bulluň” 211 utugy bar.Möwsümiň 12-nji ýaryşy 29-njy iýulda, ýagny ertir Wengriýada geçiriler. Şondan soň, Formula 1 ýaryşlarynda bir aýa golaý wagtlyk arakesme yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

Çempion ýeňşi ýatlady
Formula 1-iň 70-nji möwsümi
Formula 1-iň sürüjileri näçe hak alýar?!
Formula1 1000-nji ýaryşda Hamilton 75-nji ýeňşini gazandy
F1-iň täze möwsümi başlaýar
“Ferrariden” goşa üstünlik