Wetteliň 50-nji ýeňşi

Formula 1 boýunça möwsümiň 7-nji ýaryşy Kanadada geçirilip, ilkinji hatardan bat alan germaniýaly Sebastian Wettel ýeňiji boldy. “Ferrari” toparynyň sürüjisi 70 aýlawy 1 sagat 28 minut 31,377 sekuntda tamamlap, şu ýylky 3-nji, karýerasyndaky 50-nji ýeňşini gazandy.

Bu ýeňiş “Ferrari” topary 2004-nji ýyldan soň, Kanadada ilkinji ýeňşidir.Wettelden 7,3 sekunt yza galan finlýandiýaly Waltteri Bottas (“Mercedes”) 2-nji, 8,3 sekunt az netije görkezen gollandiýaly Maks Werstappen (“Red Bull”) 3-nji ýeri eýeledi.

Bu ýaryşdan soň, utugyny 121-e ýetiren Wettel umumy sanawda-da 1-nji basgançaga beýgeldi.Kanada “Gran Prisinde” 4-nji orny eýelän Lewis Hamiltonyň (“Mercedes”) 120 utuk bilen 2-nji orunda barýar.

Kanada “Gran Prisinden” soň, 3-nji orna çykan Waltteri Bottasyň 86, 4-nji ýerdäki awstraliýaly Daniel Rikkiardonyň (“Red Bull”) 84 utugy bar.Möwsümiň 8-nji ýaryşy 24-nji iýunda Fransiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

F1-iň täze möwsümi başlaýar
Formula 1-iň sürüjileri näçe hak alýar?!
Dünýä Kubogyna 12 gün galdy
Wetteliň şowsuzlygy we Hamiltonyň ýeňşi
Hamilton arany açýar
Werstappen ýeňiji, Hamilton çempion