'Western Union' hyzmatlary Türkmenistanda ýene çäklendirildi

'Western Union' hyzmatlary Türkmenistanda ýene çäklendirildi

Pul geçirmek boýunça "Western Union" hyzmatlary Türkmenistanda ýene çäklendirildi. Häzirki wagtda bu hyzmatdan peýdalanyp, diňe türkmen-türk bankynyň şahamçasynda pul ugratmak we almak mümkin.

"Western Union hyzmatlary 'Senagat', 'Türkmenbaşy', 'Rysgal' ýaly ähli banklarda ýatyryldy. Puly iberip hem alyp bolmaýar. Ol diňe türkmen-türk bankynda işleýär we ol ýerde uzyn nobatlar bar" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy. Onuň sözlerine görä, halkara pul geçiriş ulgamynyň hyzmatlaryna çäklendirmeler 3-nji awgustdan güýje girip başlady.

"Western Union", Türkmenistanda degişli hyzmatlary berýän ýeke-täk halkara kompaniýasy bolmagynda galýar. Ýöne onuň işi hem çäkli bolup, birnäçe ýylyň dowamynda "Western Unionyň" üsti bilen Türkmenistandan diňe az mukdarda pul iberip bolýar. Daşary ýurtlardan iberilen pullary geçirimek hyzmaty hem käbir halatlarda işlemändi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy häzirki çäklendirmelerden ozal "Western Union" arkaly pul geçirmek hyzmatynyň ençeme wagtlap ýurtda işländigini, ýöne ýurduň daşyndan iberilýän puluň diňe Merkezi Bankyň kursy boýunça, ýagny bir dollar 3,5 manatdan berlendigini, gara bazar nyrhyndan tas 6 esse pes bu kursuň amatsyzlygy sebäpli, adamlaryň bu hyzmatdan peýdalanmandygyny belledi.

“Manatda alnan pullaryň bir dollara 3,5 manatdan berlendigi sebäpli, bu hyzmaty ulanmadyk. Kowid döwründe bolsa, dollarda iberilen pullary dollarda bermäge rugsat berildi, onuň mukdary 5000 dollara çenli köpeldilipdi. Munuň üçin puly alýanyň pasporty we puly ugradanyň pasportunyň fotokopiýasyny talap edilipdi" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň iki sany çalyşyk kursy saklanýar. 2015-nji ýyldan bäri ýurduň Merkezi banky türkmen manadynyň dollar bilen çalyşyk kursuny hümmetini 3,5 manat derejesinde saklaýarka, ýurtda dollaryň gara bazary döredi. Resmi kursdan nagt pul çalyşmaga ilata rugsat berilmeýär, gara bazarda amerikan dollary 6 esse gymmat satylýar.

Türkmenistandan daşary ýurda pul ugradýan raýatlaryň esasy kategoriýasy daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan türkmen studentleridir. Olara Türkmenistandan aýda bir gezek Merkezi bankyň kursy boýunça 250 dollar ugratmaga rugsat berilýär. Munuň üçin iberýän adamyň iş ýerinden resminama, maşgala gatnaşygyny tassyklaýan dokument we studentiň okuw ýerinden resminama ýaly birnäçe kagyz tomlamaly.

Türkmen banklarynyň köpüsinde "Western Union" hyzmatlarynyň bes edilmeginiň sebäpleri barada resmi düşündiriş bolmady. Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleri, şertnamalara degişli meseleler çözülýänçä banklardaky hyzmatlaryň wagtlaýyn ýapylandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti pul geçirimleriniň çäklendirilmeginiň we konwertasiýa gadagançylyklarynyň sebäplerini resmi taýdan düşündirmeýär. Şol bir wagtyň özünde pul çalyşmak we geçirmek ugrundaky çäklendirmeler yzygiderli berkidilýär. 2018-nji ýylda “MoneyGram” pul geçiriş ulgamy Türkmenistanda işini bes etdi, şondan bäri "Western Union" degişli hyzmatlary üpjün edýän ýeke-täk halkara kompaniýasy bolmagynda galýar.

Halkara maliýe guramalary, Türkmenistanyň walýuta syýasatynyň, çalyşyk kursuny emeli saklamagynyň we nagt pul çalyşygyny gadagan etmeginiň ykdysadyýet üçin çynlakaý kynçylyklary döredendigini belleýärler. Şeýle-de, ýurduň pul syýasaty raýatlaryna "Western Union" ýaly ulgamlaryň hyzmatlaryny bütin dünýäde ýöredilýän düzgünlere laýyklykda ulanmaga mümkinçilik bermeýär.

Türkmenistan ýurtdan we daşary ýurtlardan iberilýän pullaryň mukdaryny görkezýän resmi statistikany çap etmeýär. Bu aralykda Türkmenistana degişli ujypsyz resmi sanlar we dünýädäki ykdysady prosesler esasynda çykaryan analitiki netijeler türkmen migrantlarynyň ýurduna ýylda milliardlarça dollar möçberde pul ugradyp bilýändigini görkezýär.

"Progres" atly analitiki portal Türkmenistanda "Western Union" ýaly pul geçiriş hyzmatlary gadagançylyksyz we bökdençsiz işlänlerinde, türkmenistanly migrantlaryň ýylda ortaça 4,372-4,692 milliard amerikan dollary mukdarda pul ugradyp biljekdigini çaklaýar. Neşiriň BMG we Bütindünýä banky ýaly täsirli guramalaryň maglumatlaryna salgylanyp, çap eden bu çaklamalarynda türkmen işçi migrantlarynyň sany 1,6 million adamdan ybarat görkezijiden hasap çykarylýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan pul geçirmeleriň gümürtikliginden näme gazanýar we näme ýitirýär?
Bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmakda alyş-çalyş amallarynyň orny
Diňle: 'Western Union' hyzmatlary Türkmenistanda ýene çäklendirildi
Stambul: Türkmen raýaty Şamil Gurbandurdyýewe edilen hüjümden soň onuň pasporty uzaldyldy
Täze talap daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň ene-atalaryndan pul almak mümkinçiligini bökdeýär
Türkmenistan studentlere pul geçirmek bilen bagly ýene bir talaby güýje girizdi