Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy

Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy

Red Bull-yň sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” klasynda awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 16-njy tapgyry bolan Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ikinji orny “Ferrariniň” wekili Şarl Lekler eýeledi. Üçünji orna “Mersedesde” çykyş edýän Jorj Rassel mynasyp boldy.

Ýaryşyň iň çalt aýlawy üçin goşmaça utugy “Red Bulldan” Serhio Peres gazandy. 20 sany ýaryşa başlan awtoulagdan 16-sy pellehana baryp bildi.Tehniki näsazlyklar sebäpli Sebastýan Fettel (Aston Martin, 10 aýlaw geçdi), Fernando Alonso (Alpin, 31), Lens Stroll (Aston Martin, 40) we Daniel Rikkýardo (Maklaren, 47) ýaryşdan çykdy.

Yzygider bäşinji Gran-pride ýeňiş gazanan Werstappen çempionatda öňdebaryjy bolmagy dowam etdirýär (335).Ikinji orny Lekler eýeleýär (219). Üçünji orunda bolsa Peres ýerleşýär (210).Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” öňdebaryjy (545).

Ikinji orunda “Ferrari” (406), üçünji orunda “Mersedes” (371) ýerleşýär. Çempionatyň indiki tapgyry Singapuryň Gran-prisi bolup, 30-njy sentýabrdan 2-nji oktýabr aralygynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Ferstappen Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy