“Red Bull-yň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula 1” möwsüminiň ikinji ýaryşynda — Italiýada geçirilen Emilia Romanýa Gran Pri-sinde ýeňiji boldy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.
Werstappen eýýäm ýaryşyň başynda Mersedesiň sürüjisi Lýuis Hemiltondan öňe saýlanmagy başardy. Ýagşyň ýagmagy we Williams toparynyň sürüjisi, şeýle hem Mersedesiň ýaşlar programmasynyň agzasy bolan Jorj Rassel bilen bagly ýüze çykan hadysa birinjilik ugrundaky göreşi has çylşyrymlaşdyrdy. Şeýle-de bolsa, Werstappen hem-de ýaryşyň ýedi gezek çempiony Hemilton ugur tapmagy başardylar we ahyrynda pellehana degişlilikde birinji we ikinji bolup geldiler. Ýöne Hemilton iň gowy aýlaw boýunça sürüjileriň sanawynda Werstappenden bir utuk arany açyp, birinjiligi saklaýar. Üçünji ýeri MakLareniň sürüjisi Lando Norris eýeledi.
Munuň netijesinde, Norris karýerasynda ikinji gezek baýrakly orna mynasyp boldy. Şeýle hem pellehana utuk berilýän zolakda şular geldiler: Şarl Lekler we Karlos Saýns (ikisi hem "Ferrariden"), Daniel Rikkardo ("MakLaren"), Lens Stroll ("Aston Martin"), Pýer Gasli ("AlfaTauri"), Kimi Raýkkonen ("Alfa Romeo") we Esteban Okon ("Alpine").
Indiki “Formula 1” ýaryşy ýene iki hepdeden Portugaliýadaky Portimao awtodromynda geçiriler.