Formula-1 ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň dokuzynjy tapgyrynyň Awstriýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi “Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen boldy. Bu onuň yzygider üçünji we möwsümde bäşinji ýeňşidir. Bu barada www.m24.ru habar berýär.
Ýaryşda ikinji orny “Mersedes” toparyndan finlýandiýaly Waltteri Bottas eýeledi. Üçünji “Maklarenden” Lando Norris boldy.Häzirki dünýä çempiony Lýuis Hemilton bolsa dördünji orny eýelemegi başardy.Iň soňky orun russiýaly Nikita Mazepine degişli boldy.
Onuň topar boýunça ýoldaşy Mik Şumaher ýaryşy 18-nji orunda tamamlady. “Alpinden” fransuz Esteban Okon ikinji aýlawda italýan Antonio Jowinassi (“Alfa Tauri”) we Şumaher bilen çaknyşdy, şondan soň ýaryşy dowam etdirip bilmedi.
Werstappen 182 utuk gazandy we umumy hasapda birinji orny eýeledi, ikinji orunda Hemilton (150), üçünji orunda “Red Bulldan” meksikaly Serhio Peres (104) ýerleşýär.Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” (286) liderligini dowam etdirýär, onuň yzyndan “Mersedes” (242) we “Maklaren” (141) gelýär. Çempionatyň onunjy tapgyry Beýik Britaniýanyň Gran-prisi 16-18-nji iýulda “Silwerstoun” awtodromynda geçiriler.