Werstappen Formula-1-iň bassyr ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy

Werstappen Formula-1-iň bassyr ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy

Red Bull toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň bäşinji tapgyry bolan Maýaminiň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş ýekşenbe güni geçirildi.

Werstappen 57 aýlawy 1 sagat 34 minut 24,258 sekuntda geçdi. Ikinji we üçünji orunlary “Ferrari” toparynyň sürüjileri Monakodan Şarl Lekler (yza galyş 3,786 sekunt) we ispaniýaly Karlos Saýns (+8,229) eýeledi. Ýedi gezek dünýä çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton (“Mersedes”) altynjy orny eýeledi, ol Werstappenden 21,368 sekunt yza galdy.

“Alfa Tauriniň” fransiýaly sürüjisi Pýer Gasli bilen “Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris biri-biri bilen çaknyşyp, ýaryşy tamamlap bilmediler. “Alfa Romeonyň” hytaýly sürüjisi Çžou Guanýuý tehniki näsazlyklar sebäpli distansiýadan çykdy.

Dünýä çempionatynyň umumy sanawynda Lekler birinji orny eýeleýär, onuň hasabynda 104 utuk bar. Ikinji orny Werstappen (85 utuk), üçünji orny “Red Bulldan” meksikaly Serhio Peres (66) eýeleýär. Hemilton altynjy orunda (36). Konstruktorlaryň kubogynda “Ferrari” öňdebaryjy (157 utuk), ikinji orny “Red Bull” (151), üçünji orny “Mersedes” (95) eýeleýär.

Maýaminiň Gran-prisi “Formula-1-iň” taryhynda ilkinji gezek geçirildi. Indiki tapgyr 20 22-nji maýda Barselonada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Werstappen Kanadanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy
Şarl Lekler Awstriýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy