Werstappen “Formula-1-de” Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

Werstappen “Formula-1-de” Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1-de” Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş ýekşenbe güni geçirildi.

Ýeňiji 63 aýlawy 1 sagat 32 minut 07,986 sekuntda geçdi. Ikinji orny Ferstappeniň topardaşy meksikaly Serhio Peres (+16,527) eýeledi. Üçünji bolup pellehana “Maklaren” toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris (+34,834) geldi.

Häzirki dünýä çempiony Werstappen şu möwsümde ikinji ýaryşyny utdy. Ýedi gezek dünýä çempiony britanily Lýuis Hemilton (“Mersedes”) 13-nji orny eýeledi we Werstappenden bir aýlaw yza galdy.

Dünýä çempionatynyň umumy sanawynda birinji orny “Ferrari” toparynyň sürüjisi Şarl Lekler eýeleýär. Ol 79 bal gazandy. Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň ýaryşynda ol pellehana altynjy bolup geldi. Werstappen ikinji orna çykdy (51 bal), üçünji orunda “Mersedesiň” sürüjisi Jorj Rassel (49) gelýär.

Konstruktorlaryň kubogynda dört tapgyrdan soň birinji orny “Ferrari” (112 utuk) eýeleýär. Ikinji orunda “Red Bull” (99), üçünji orunda “Mersedes” (77) ýerleşýär.

Dünýä çempionatynyň bäşinji tapgyry bolan Maýaminiň Gran-prisi 6 8-nji maýda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy
Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Formula-1-iň Italiýa tapgyry sil sebäpli ýatyryldy
Ferstappen Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi