Werstappen Belgiýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy

Werstappen Belgiýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy

“Red Bull” toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen Formula-1 ýaryşynda Belgiýanyň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy. Ýaryş Spa şäherindäki awtodromda geçirildi.

Werstappen iň gowy aýlawyny 1 minut 59,765 sekuntda geçdi. Ikinji orny 0,321 sekunt yza galyş bilen “Uilýamsdan” britaniýaly Jorj Rassell, üçünji orny bolsa “Mersedesden” britaniýaly Lýuis Hemilton (+0,334) eýeledi.

Şeýle-de ilkinji onluga şular girdi: 4. Deniel Rikkýardo (Awstraliýa, “Maklaren”) +1,099; 5. Sebastýan Fettel (Germaniýa, “Aston Martin”) +1,170; 6. Pýer Gasli (Fransiýa, “Alfa-Tauri”) +1,399; 7. Serhio Peres (Meksika, “Red Bull”) +2,347; 8. Waltteri Bottas (Finlýandiýa, “Mersedes”) +2,737; 9. Esteban Okon (Fransiýa, “Alpin”) +3,748; 10. Lando Norris (Beýik Britaniýa, “Maklaren”).

Saýlama tapgyr ýaryşy üçünji segmentde iki gezek saklandy. Ilki “Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris heläkçilige uçrady, şondan soň ol 10-njy bolup, çykyşyny tamamlady. Ikinji gezek ýaryş ýagyş sebäpli saklandy.

Ýene degişli makalalar

Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy
Ferstappen Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy
Yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny baýram etdi
Werstappen Formula-1-iň bassyr ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
35 ýyllyk rekord täzelendi