Wepa Jumaýew Witebskdäki ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi

Wepa Jumaýew Witebskdäki ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň goragçysy Wepa Jumaýew Belarusyň Witebsk futbol toparynyň düzüminde ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi.

Belarusyň çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň çäginde Witebsk Slawiýa Mozyry kabul etdi. Esasy düzümde oýna giren Wepa Jumaýew tä duşuşyk tamamlanýança, başga futbolçy bilen çalşyrylmady. Duşuşykda ýer eýeleri myhmanlardan 2:3 hasabynda asgyn geldiler.

Jumaýewiň Witebsk toparyna Energetik-BGU-dan gyşky transfer penjiresinde geçendigini ýatladýarys. Transfermarkt oňa 175 müň ýewro baha kesýär.

Ýene degişli makalalar

12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
15-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Olga Mizgirýowa: döredijilik we ykbal syrlary
Belarusda bir aýaly öldürmekde güman edilýän türkmenistanly tussag edildi
Belarusda bir aýaly öldürmekde güman edilýän türkmenistanly barada täze maglumatlar peýda boldy