Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalar kabul edilip başlandy

Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta bilimli, 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan, 2024-2025-nji okuw ýylynda umumy orta mekdebi tamamlaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2024-nji ýylyň 25-nji noýabry — 10-njy dekabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça okuwa kabul ediljek dalaşgärleriň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

— Dogluş hakynda şahadatnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

— Hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

— Umumy orta bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

— SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) ýa-da IELTS (International English Language Testing System) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (SAT şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

— Soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegde on iki sany fotosurat. Ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedikler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Zerur resminamalary tabşyran dalaşgärler bilen orta bilimiň umumy bilim meýilnamasynda göz öňünde tutulan okuw dersleri boýunça iňlis dilinde söhbetdeşlik geçiriler.

Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169.

Telefon belgileri: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25

elektron salgysy: admissioniuhd@gmail.com

Ýene degişli makalalar

Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine okamak isleýän ýaşlaryň dykgatyna!
Iş Nokady: IELTS synagyna Aşgabatda ýokary derejeli taýýarlyk okuwlary
Türkmenistan bilen ETS kompaniýasy bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabadyň hassahanalarynda COVID-19 näsaglary üçin ýörite otaglar döredilýär
Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýol gözegçiligi güýçlendirildi, sürüjilerden COVID-19 synagynyň netijesi talap edilýär
Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýol gözegçiligi güýçlendirildi, sürüjilerden COVID-19 synagynyň netijesi talap edilýär