Wengriýanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär

Wengriýanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär

Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak 2024-nji ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmek islegini bildirdi. Ol bu barada Budapeşt şäheriniň Sandor Prezident köşgünde ilçi H.Amannazarowyň Türkmenistanyň Wengriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) hökmünde ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda mälim etdi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhümdigini bellän Nowak, Prezident Diwanynyň hem-de Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň jogapkär adamlaryna indiki saparyň taýýarlygy boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy diýip, wenger elektron neşirlerinde habar berilýär.

Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň dowamynda ilçi Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowaka Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de ol Katalin Nowaka Türkmenistanyň soňky gazananlary we üstünlikleri barada gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň maý aýynda ýola goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan, Wenger Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Jokowiç kolleksiýasyny tamamlady
Russiýanyň nebit-gaz önümçiligi azalar
Russiýa Hytaýa akdyrylýan gazyň möçberini artdyrar
Türkiýe Bilen Russiýa Eenergetika Pudagy Boýunça Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Edýär
Braziliýa 2024-nji ýylyň başynda OPEK+a goşular