Wengriýanyň döwlet ministri Zoltan Kowaç X hasabyndan beren beýanatynda, Wiktor Orbanyň şu gün Türkiyä sapar gurajakdygyny habar berdi.
Zoltan Kowaç Wiktor Orbanyň "Ukrainadaky we Ýakyn Gündogardaky wakalary, parahatçylyk tamalaryny we ikitaraplaýyn gatnaşyklary" ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen prezident Erdogan bilen duşuşyk geçirjekdigini mälim etdi.
Zoltan Kowaç ikitaraplaýyn duşuşykdan soň Wiktor Orbanyň 2024 Türkiye-Wengriýa özara medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny habar berdi.