Wengriýanyň Baç-Kişkun etrabynda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň dabaraly açylyşy bolar

Wengriýanyň Baç-Kişkun etrabynda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň dabaraly açylyşy bolar

7-nji awgustda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlaýar. Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin türkmen sungat ussatlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý işgärleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik topary Budapešte ugradylar.

Аsmannews neşiriniň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy 7-nji awgustda Budapeštiň "Miras" öýünde geçiriler. Bu ýerde muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi guralar, milli lybaslaryň we häzirki zaman lybaslaryň görkezilişi bolar. Mundan başga-da bu ýerde agşam, Türkmenistanyň sungat ussatlary uly konsert bilen çykyş ederler,

Medeniýet günleriniň maksatnamasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, Türkmenistanyň Prezidentiniň "Änew müňýyllyklaryň çuňlugyndan gözbaş alýan medeniýet" kitabynyň tanyşdyrylyşy, türkmen kinolarynyň görkezilişi, däp bolan türkmen hünärleriniň ussatlyk sapaklary gurnamak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Baç-Kişkun etrabynda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň dabaraly açylyşy bolar.

Türkmenistanyň Wengriýadaky Medeniýet günleri 11-nji awgusta çenli dowam eder we türkmen sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlanar diýip, çeşme habar berýär .

Ýene degişli makalalar

Wengriýada Türkmenistanyň medeniýet günleri geçiriler
3-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Budapeştde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy
BUDAPEŞTDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BADALGA ALDY
Dünýäniň onlarça ýurdunda Magtymgula bagyşlanan kitaplar çap edildi
Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler we Magtymgulynyň heýkeli açylar