Wengriýada ahalteke bedewleriniň sergisi we çempionaty geçirildi

Wengriýada ahalteke bedewleriniň sergisi we çempionaty geçirildi

Wengriýanyň Babolna şäherinde ahalteke bedewleriniň Ýewropa çempionaty we atçylyk sergisi geçirildi. Bu barada Hungary Today habar berýär.

Çäre häzirki wagtda köp meşhur at görnüşleriniň nesilbaşysy hasaplanýan bu täsin tohuma bagyşlandy. Wengriýanyň oba hojalyk ministri Iştwan Nad açylyşda eden çykyşynda ahalteke bedewleriniň taryhy ähmiýetine ünsi çekdi.

Ol Hökümetiň atçylyk sportuny ösdürmäge, şol sanda bedewleri ösdürip ýetişdirýänlere goldaw bermek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak meselesinde ygrarlydygyny aýtdy.

Wengriýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti jenap Ýožef Gýula Nýek çempionata 11 ýurtdan 59 bedewiň we çapyksuwarlaryň gatnaşýandygyny belledi.

Emin agzalary bedewleriň ýöreýişlerine, erkin bökmeklerine, şeýle hem olaryň bezeglerine baha berdiler.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan ABŞ-da saparda bolýar
Türkmenistanyň halkara habarlar giňişligindäki ornuna bagyşlanan forum geçirildi
Aşgabatda halkara media forum geçirildi
Medeniýet hepdeligi 2022 dowam edýär
Medeniýet hepdeliginiň çäginde halkara mediaforum geçirildi
Maryda halkara media forumy geçirildi