Wengriýanyň Milli Mejlisi Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklady.
Düýn mejlisde geçirlen sese goýulşykda 188 halk deputaty Şwesiýanyň NATO agzalygy üçin “kabul” sesini berdi.
Sese goýulşykda 6 halk deputaty garşy ses berdi, 4 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.
Wengiýanyň bu karary bilen birlikde Şwesiýa NATO agza ähli ýurtlaryň goldawyny aldy.
NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Wengriýanyň Milli Mejlisiniň Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklamagyna kanagatlanma bildirdi.
Stoltenberg Şwesiýanyň NATO-nyň 32-nji agzasy boljakdygyny aýtdy.