Wengriýa Garadaga 200 Müň Doza Sanjym Kömegini Berdi

Wengriýa Garadaga 200 Müň Doza Sanjym Kömegini Berdi

Wengriýa täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde Garadaga Hytaýyň Sinopharm firmasy tarapyndan öndürlen 200 müň doza Kovid-19 sanjymyny berdi.

Garadagyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannama görä, Wengriýanyň beren 200 müň dozalyk sanjym kömegi, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Sziýarto tarapyndan Garadagyň ýolbaşçylaryna gowşuryldy.

Garadagyň Saglygy goraýyş ministri Božowiç, sanjym kömegi üçin Wengriýa sagbolsun aýtdy.

Ministr Božowiç gelen sanjymlar bilen ýurtdaky köpçülikleýin sanjymlama tapgyrynyň dowam etjekdigini nygtady.

Božowiç halka sanjym etdirmekleri üçin çagyryş berdi.

Wengiýa, Bosniýa-Gersegowina hem 200 müň dozalyk sanjym kömegini beripdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan, Günbatar Balkanlaryň Iň Halanýan Lideri
Prezident Erdogan Garadaga Bardy
Erdogan Bosniýa-Gersegowina Sapar Gurar