Wengriýa Dünýä Ýurtlaryny Ukraina Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşmaga Çagyrdy

Wengriýa Dünýä Ýurtlaryny Ukraina Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşmaga Çagyrdy

Wiktor Orbanyň geňeşçisi Bazals Orban Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Russiýanyň Kursk oblastyna guran hüjümlerinden soň dünýäni “oýanmaga” çagyrdy. Syýasatçy Moskwa bilen Kiýewiň arasynda dessine ýaraşyk gepleşikleriniň başladylmalydygyny beýan etdi.

Orban X sosial media hasabynda: “Soňky wakalar aladalandyryjy, Russiýa-Ukraina dartgynlygy çykgynsyzlaşýar. Dünýä indi oýanmaly! Haýsy tarapda bolanda-da pajygaly çakynyşyklaryň gutlanmagynyň manysy ýok” diýip”ýazdy.

Orban şeýle hem “Wengriýanyň pozisiýasy başyndan bäri açyk we tutanýerlidi: dünüşmezlik frontda däl, gepeleşik stolunda çözülýär” diýdi.

Ukraina Russiýanyň Kursk oblastyna 6-njy awgustda hüjüm gurap, birnäçe ýüz inedördül kilometrlik serhet zolagyny basyp aldy. Rus tarapynyň beýan etmegine görä hüjümiň netijesinde asuda ilatdan 12 adam öldi, 10 sanysy çaga, 121 adam ýaralandy. Hassahanada 69 adam bejergi alýar, şolardan 17 sanysynyň ýagdaýy agyr.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda awtobus heläkçiligi başdan geçirildi
Ysraýyl Gazada asuda ilatyň sygynan mekdebe hüjüm gurady
Türkiýe Gazada Göçme Hassahana Gurar
Nyýazow adyndaky hassahanada näsaglaryň hossarlaryndan yzygiderli nahar getirmek talap edilýär’
Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr
Gazadaky çaknyşyklarda soňky 24 sagatda ýene-de 18 ysraýylly esger ýaralandy