Wenesuelanyň 112 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry erkek adam diýip ykrar edildi

Wenesuelanyň 112 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry erkek adam diýip ykrar edildi

Wenesuelanyň 112 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry erkek kişi diýlip ykrar edildi.Ginnesiň rekordlar kitabynda bu barada degişli ýazgy peýda boldy.Huan Winsente Mora 1909-njy ýylyň 27-nji maýynda on çagaly uly maşgalada dünýä inipdir diýip, UPI habar berýär.

Mora köp ýyllaryň dowamynda fermer bolup işleýär, iň soňky ekin ýerini bolsa ol 104 ýaşyndaka satýar. 1937-nji ýylda öýlenipdir, ýöne aýaly 1997-nji ýylda aradan çykýar.Onuň 11 çagasy, 41 agtygy, 18 çowlugy we 12 ýuwlugy bar.

Uzak ýaşly bu garry öz adyny 113 ýaşamagyna birnäçe gün galanda alýar.

Mora her täze gününi bir bulgur kofe içmekden we maşgalasy bilen ertirlik edinmekden başlaýandygyny aýtdy.Ol jany-teni bilen berlen katolik.Onuň sözlerine görä, durmuşdan onuň esasy öwrenen zady — bu Biribara, maşgalaňa söýgi, ýene bir zat, işe gitmek üçin biz ir turmaly.

Huan Winsente Mora, ondan öňki uzak ýaşly ispan Saturnino de la Fuente Garsiýa 18-nji ýanwarda 112 ýaşynyň içinde ýogalandan soň, rekordsmen diýip yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň garry adamy 
Dünýäniň Iň Ýaşuly Adamy 113 Ýaşynda
Şotlandiýada Wan Goguň öň belli bolmadyk awtoportretini tapdylar
110 ýaşly erkek kişi uzak ýaşamagynyň syryny açdy
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Türkmenistanyň Prezidenti “Arkadag” medaly bilen sylaglanyldy