Wenesuelanyň hökümeti prezident saýlawynyň netijeleri hakyndaky beýannamalary sebäpli 7 Latyn Amerika ýurdundan diplomatlaryny gyssagly çekmegini isledi.
Mesele hakynda berlen beýannamada, 28-nji iýulda geçirlen prezident saýlawy bilen arabaglanşykly Argentinanyň, Çiliniň, Panamanyň, Kosta-Rikanyň, Perunyň, Dominik Respublikasynyň we Urugwaýyň beren beýannamalarynyň ýurduň içeri işlerine goşuluşmak manysyny aňladýandygy sebäpli şol ýurtlaryň Wenesueladaky diplomatik wekillerini gyssagly çekmegi talap edildi.
Beýannamada, Nikolas Maduronyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň hem ýokarda ady agzalýan 7 ýurtdaky ähli diplomatlaryny yzyna çekjekdigi nygtaldy.
Argentina, Çili, Kosta-Rika, Peru, Panama, Dominik Respublikasy we Urugwaý, Wenesuelada geçirlen saýlaw hakynda beren beýannamalarynda, prezident saýlawynyň netijelerine uly alada bildirýändiklerini mälim edipdi.
Ýokarda ady agzalýan ýurtlar, Wenesuelada geçirlen saýlawyň netijeleriniň doly gözden geçirilmegi üçin Amerikan Döwletleri guramasynyň nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişmegi üçin çagyryş beripdi.
Wenesuelanyň Saýlaw geňeşiniň netijelerine görä, Maduro ýekşenbe güni geçirlen saýlawda sesleriň 51,20 göterimini alyp üçinji gezek prezidentlige saýlandy.