Wenesiýa ÝUNESKO-nyň howp astynda bolan obýektleriniň sanawyna girizilip bilner

Wenesiýa ÝUNESKO-nyň howp astynda bolan obýektleriniň sanawyna girizilip bilner

Wenesiýa we Budapeşt ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň howp astynda bolan obýektleriniň sanawyna girizilip bilner. Bu barada guramanyň maslahat beriji edaralarynyň tekliplerine salgylanyp, Agence France-Presse habar berdi diýip, TASS belleýär.

Agentligiň bellemegine görä, syýahatçylygyň täsiri ÝUNESKO-nyň Wenesiýany howp astynda bolan miras sanawyna girizmek haýyşy bilen ýüz tutmagyna sebäp bolan ölçegleriň biri boldy.Aýratyn-da, gurama uly kruiz gämileriniň aýlaga girmegini gyssagly gadagan etmäge çagyrýar.

Italiýanyň häkimiýetleri uly kruiz gämilerine girmegiň gadagan edilendigini birnäçe gezek aýtdylar. Şol bir wagtyň özünde, başga bir ýol tapylýança, gämiler iýun aýynyň başynda bolşy ýaly, aýlaga girip bilerler.Bu mesele eýýäm birnäçe ýyl bäri çözülmän gelýär.

Wenesiýa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna 1987-nji ýylda girizildi. Şeýle-de, BMG-niň guramasy Budapeştiň gadymy Buda galasynyň ýerleşýän ýerindäki uly göwrümli abatlaýyş işleri bilen bagly biynjalyk bolýar.

Bu karar 16-31-nji iýulda Hytaýyň Fuçžou şäher okrugynda onlaýn görnüşde geçiriljek ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 44-nji sessiýasynyň dowamynda kabul ediler. ÝUNESKO-nyň baş direktory Odre Azule 16-njy iýulda sessiýanyň açylyşyna gatnaşar.

Sessiýanyň dowamynda komitet Bütindünýä mirasynyň sanawyna eýýäm girizilen 255 obýekti saklamagyň ýagdaýyny öwrener.Olardan 53 obýekt Bütindünýä mirasynyň howp astynda bolan obýektleriniň sanawynda görkezilýär. 24-nji iýuldan komitet Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin täze dalaşgärleri gözden geçirip başlar.

Ýene degişli makalalar

Iň uzak otly syýahaty ýola goýlar
Dünýäniň iň özüne çekiji binaly şäherleri
Magtymgulynyň goşgulary ÝUNESKO-nyň Dünýä hatyrasy maksatnamasyna girizildi
ÝUNESKO: zeminiň her onunjy ýaşaýjysy okap-ýazyp bilmeýär
ÝUNESKO: on adamdan biri sowatsyz
Angela Merkel Parahatçylyk baýragyna mynasyp görüldi
ÝUNESKO: 244 mln çaga 1-nji sentýabrda mekdebe baryp bilmedi