Dünýäniň iň gadymy film festiwaly bolan Wenesiýa film şüweleňi tamamlandy.Bu ýyl 77-nji gezek geçirilen festiwala baş baýraga “Altyn ýolbars” baýragyna “Çarwadarlaryň diýary” (Nomadland) filmi laýyk görüldi.
Hytaýly zenan režissýor Hloe Çžaonyň ekranlaşdyran amerikan filminde baş keşbi Fransis Makdormand janlandyrýar.Iň gowy režissýor baýragy, ýagny “Kümüş ýolbars” baýragyna-da “Jansyzyň aýaly” (Supai no tsuma) filmindäki keşbi üçin ýaponiýaly režissýor Kiýoşi Kurosawa mynasyp boldy.
Iň gowy aktýor we aktrisa baýraklary-da degişlilikde, italiýaly Pierfrançesko Fawino bilen amerikaly Wanessa Kirbä berildi.Pierfrançesko Fawino “Biziň atamyz” ((Padre Nostro), Wanessa Kirbi bolsa, “Zenan aksessuarlary” (Pieces of a Woman) filmlerindäki keşpleri üçin bu hormata laýyk görüldi.
Eminleriň ýörite baýragy “Gadyrly ýoldaşlar” (Dorogiýe towarişi) filmi üçin russiýaly režissýor Andreý Konçalowskä gowşuryldy.Iň gowy ssenariý baýragyna-da “Şägirt” (The Disciple) filminiň ssenariçisi hem režissýory bolan hindistanly Çaitanýa Tamhane mynasyp boldy.
Oskarly aktrisa Keýt Blanşettiň eminlere baştutanlyk eden festiwalynda ýaş režissýor Ana Roka de Sousa “Gulak as” (Listen) filmi üçin Gelejegiň ýolbarsy baýragy bilen sylaglandy.