Wenada Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy geçdi

Wenada Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy geçdi

8-nji oktýabrda Awstriýanyň paýtagty Wenada Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy geçdi. Bu barada çärä gatnaşyjylaryň biri “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 10-njy oktýabrda habar berdi.

Maglumata görä, gatnaşyjylar Türkmenistandaky ýagdaýlary, hususanda: ýurtdaky adam hukuklarynyň bozulmagyny, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň ýagdaýlaryny, epidemiologiýa ýagdaýyny (türkmen häkimiýetleriniň COVID-19-y inkär etmegini), korrupsiýany, halkara guramalary, maliýe institutlary we hökümetler bilen özara işleşmegi we beýleki meseleleri ara alyp maslahat edipdirler.

Duşuşyga gatnaşyjylar:

Täjigül Begmedowa, Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy

Wýaçeslaw Mämedow, Türkmenistanyň graždan demokratik bileleşigi

Timur Misrihanow, Türkmenistanyň garaşsyz ýuristler assosasiýasy

Ruslan Mätiýew, “Turkmen.News” neşiri

Çemen Öre, “Turkmenia Unite” topary

Farid Tuhbatullin, Adam hukuklary boýunça Türkmen inisatiwasy

Ruslan Tuhbatullin, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri

Annadurdy Hajyýew, Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy

Nurmuhammet Hanamow, Türkmenistanyň Respublika partiýasy

Çärä ýene başga-da aktiwistleriň gatnaşandygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleri Wenada duşuşyk geçirdi
Türkmen raýat jemgyýeti wekilleriniň Wenada duşuşygy boldy
Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi
Hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini Ismatullaýewanyň işine täzeden garamaga çagyrdy
Salam, Dogan!: Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar
Diňle: Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi