Wenada türkmen-awstriýa diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna maslahat geçirildi

Wenada türkmen-awstriýa diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna maslahat geçirildi

18-nji fewralda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Wenanyň Diplomatik akademiýasynda Dialog — parahatçylygyň kepili atly temada tegelek stol maslahaty geçirildi. Ol türkmen Lideriniň täze başlangyjyny wagyz etmegiň çäklerinde we Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Çärä Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary, ilçiler, halkara guramalaryň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ýurduň sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmekdäki aýratyn ornuny nygtadylar.

Öz çykyşynda türkmen tarapynyň wekili Halkyň Arkadagly zamanasy şygary astynda geçýän 2022-nji ýylda hem Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezýän köp sanly çäreleriň geçiriljekdigini aýdyp, türkmen-awstriýa gatnaşyklarynda ýetilen sepgitler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Maslahatyň ahyrynda käbir daşary ýurt wekillerine berlen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna atly ýubileý medallar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi
Ýaponiýada Merkezi Aziýa+Ýaponiýa Dialogynyň Sammitine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BITARAPLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi
28-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti