Wena baly türkmen-awstriýa medeni hyzmatdaşlygynyň köprüsi

Golaýda Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Şoňa görä-de, V Wena balyna we Galkynyş simfoniki orkestriniň konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistana Awstriýadan myhmanlar geldiler, olar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Wena baly diýlende, ilki bilen, göz öňüňde frakly ýigitler we ak-gara reňkler bilen utgaşyp gidýän nepis köýnekli gyzlar janlanýar.Bu tansa türkmen halkynda hem uly orun berilmeginiň aňyrsynda Wena balynyň watany hasaplanýan Awstriýa bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz durandyr. Çünki şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda, ýagny 2011-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda mermer paýtagtymyz Aşgabatda ilkinji gezek Wena baly geçirilipdi.

Ol şol günden bäri iki dostlukly halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolýandygynyň, türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň pugtalanýandygynyň aýdyň şaýady bolupdy we hut şol günden başlap, ýurdumyzda Wena baly geçirilip başlanypdy.

Wena balynyň geçirilmegi öz gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň 2008-nji ýylda Wena bolan saparyndan alyp gaýdýar. Örän ähmiýetli bolan bu sapar giň hyzmatdaşlyklara ýol açypdy.Döredijilik işgärlerinden ybarat bolan halk we estrada aýdymçylary, sazandalar we tansçylar Wenanyň Ferstel köşgünde tutuş Ýewropada sazyň merkezi hökmünde ykrar edilen ýerde uly konsert bilen çykyş edip, Türkmenistan ýurdumyzyň adyny belende galdyrypdylar, Ýewropany türkmen medeniýeti, sazy bilen tanyşdyrypdylar.

Ýurdumyzda şeýle hyzmatdaşlyklaryň berkemeginde Awstriýa-türkmen jemgyýeti uly ähmiýete eýedir. Iki halkyň arasynda dostluk köprüsine öwrülen bu jemgyýet Günbatar Ýewropany ýurdumyzyň gadymy we şu günki taryhy, baý medeni mirasy, medeniýeti bilen tanyşdyrýar. Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň hem şeýle gatnaşyklaryň netijesinde, has dogrusy, Gahryman Arkadagymyzyň goldaw bermeginde we howandarlyk etmeginde döredilendigini aýtmalydyrys.

Wena baly Awstriýanyň ýüzi hasaplanýar.Ol indi ençeme ýyl bäri dowam edip gelmek bilen, Awstriýanyň medeni ösüşine uly täsir edýär.Sebäbi Wena baly diýlende Awstriýanyň özboluşly baý sungaty göz öňüňe gelýär.

Wena baly Awstriýanyň medeni däpleriniň aýrylmaz bölegidir.Ol 500 ýyl töweregi taryhynyň dowamynda abraýyny birjik-de peseltmän, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden hem çykyp, dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlykdan peýdalanýan, yzygiderli guralýan medeni çärä öwrüldi.

Wena baly baradaky ilkinji taryhy maglumatlar XIV asyra gabat gelýär.Olaryň birinde Wengriýanyň koroly Lýudwigiň hormatyna 1347-nji ýylda guralan Wena balynyň bir hepde dowam edendigi barada bellenilýär.

XIX asyryň başlarynda köşgüň eýwanynda, teatrlarda, käte kaşaň öýlerde guralýan ballara Wenanyň ähli ýaşaýjylary gatnaşypdyr. Şol döwürler giň meşhurlyga eýe bolan wals kem-kem Wena balynyň esasy tansyna öwrülýär.

Hatda Şuben, Ştraus ýaly ussatlaryň döredijiliginde-de wals uly orun tutupdyr. Şeýlelikde, XIX asyr Wenany walsyň paýtagtyna öwürýär.

Ýöne dünýä belli Wena balynyň dörän wagty 1935-nji ýyl hasaplanylýar. Şol ýylyň ýanwar aýynda ilkinji gezek häzirki zaman Wena baly geçirilýär. Häzirki döwürde ýylyň dowamynda Wenada 300-500 töweregi bal geçirilip, olaryň hersi aýratynlykda atlandyrylýar.

Bilbil MUHAMMETBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi
Wenanyň meri we gubernatory Wena balyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Wena balyna gutlag
Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Türkmenistan — Awstriýa: dostlugyň we sungatyň simfoniýasy