Welotrek boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi

Welotrek boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi

Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň okuwçysy Sofiýa Abakumowa, paýtagtdaky 60-njy orta mekdepde bilim alýan Sofiýa Guşşina we Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçysy Döwletgeldi Anjikow welotrek boýunça Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň kubogyny almak boýunça geçirilen ýaryşyň ýeňijileri boldular.

Olimpiýa şäherçesindäki Welotrek binasynda guralan ýaryşa sportuň bu görnüşi boýunça ýetginjek türgenleriň 34-si gatnaşdy.

Gyzlaryň arasyndaky ýaryş 500 we 2000 metr aralykda geçirildi. 500 metr aralykda Sofiýa Abakumowadan soň pellehana ikinji orunda paýtagtdaky 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Anastasiýa Andreýewa geldi. Sofiýa Guşşina bolsa ýeňijileriň üçlügini jemledi.

2000 metr aralyga geçirilen ýaryşda pellehana ilkinji bolup Sofiýa Guşşina geldi. Ikinji we üçünji orunlara bolsa Sofiýa Abakumowa bilen Aşgabat şäherindäki 42-nji orta mekdepde okaýan Kseniýa Karaýewa mynasyp boldy.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşlar 1000 we 3000 metr aralyklara geçirildi. Bu ýaryşlaryň ikisinde-de Döwletgeldi Anjikow çempion bolmagy başardy.

Şeýle hem Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdepde bilim alýan Resul Bäşew ikinji, 49-njy orta mekdebiň okuwçysy Ýeňiş Rejepnurow üçünji ýeriň eýesi hökmünde hormat münberine çykdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna 186 döwletden türgenler gatnaşarlar
Türkmenistan we Ermenistan halkara derejesinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Welosport konfederasiýasynyň prezidentini kabul etdi
3-nji iýun Halkara Welosiped güni
Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna 186 döwletden türgenler gatnaşarlar
3-NJI IÝUN BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI