WELAÝAT TEATRLARY FESTIWALA TAÝÝARLYKLY GELDILER

WELAÝAT TEATRLARY FESTIWALA TAÝÝARLYKLY GELDILER

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda 2022-nji ýylyň 2125-nji maýynda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda giň gerimli dabaralara beslenip geçirilýän Türkmen teatr sungaty atly teatr festiwalyna paýtagtymyzdaky teatrlar bilen birlikde welaýat teatrlary hem ýokary taýýarlykly geldiler.

Munuň özi, ýurdumyzda toý-baýramlara, döwlet derejesinde geçirilýän toý-baýramlaradyr döredijilik bäsleşiklerine sowgatly gelmek asylly dessura öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr.Aslynda, Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän çuňňur mazmunly eserleri durmuşymyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly medeniýet we sungat, döredijilik dünýämizde hem belent maksatly zähmet üstünliklerine ýetmekde ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýar.

Täze-täze eserleri döretmekde ýüreklerimizi ganatlandyrýar.Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepä, çuň mazmunly hekaýatlardyr rowaýatlary welaýat teatrlarynda döredilýän sahna eserleriniň edebi esasyny düzýär.Sahna ussatlary teatr festiwalyna iň gyzykly sahna eserleri bilen geldiler.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky 500 orunluk döwlet drama teatry 2006-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda gurlup ulanylmaga berildi.Teatryň binasynda döredijilik we tehniki işgärleriň asylly zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilendir.

Teatrda sahna dürli reňkli ýagtylyk bermek üçin iň täze tehnologiýalara beslenen yşyklandyryjy enjamlaryň oturdylmagy, sahnanyň bezegine, öwüşginliligine, görkezilýän spektakllaryň täsirli bolmagyna şert döredýär.Bu teatr Türkmen teatr sungaty atly teatr festiwalyna Baýram han Türkmen atly sahna oýny Gahryman Arkadagymyzyň baý mazmunly Türkmen medeniýeti atly eseriniň 163-nji sahypasynda Baýram hanyň ýoluň gyrasynda ýatan bir bölejik çöregi ýerden galdyrmak üçin atdan düşüşi we çörege hormat goýmakda goşunyň esgerlerine döwletlilik nusgalyk görelde mekdebini görkezmegi bilen bagly beýik ynsanperwerlik pikiri ösdürilýär.

Sahna oýnunda beýik türkmen serkerdesiniň akyldar atamyz Magtymguly Pyragynyň belentden wasp eden hindi topragynda mogollar şadöwletini döreden Nasreddin Babyr şanyň, onuň ogly Humaýun şanyň, Muhammet Baýram hanyň nesillere nusga gahrymançylykly ykballary beýan edilýär.

Sahna eseriniň ahyry toý bilen tamamlanýar.Baýram han türkmeniň öz Watanyna, türkmen iline guwanjyny beýan edýän beýik ruhly şygyrlary bilen perde ýapylýar. 1938-nji ýylda döredilen Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde 500 orunlyk tomaşa zaly bolan teatryň täze binasy gurlup, ulanylmaga berildi.

Teatr döwrebap enjamlar ornaşdyrylyp, kämil spektakllary sahnalaşdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilendir.Baýry teatr Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda geçirilýän teatr festiwalyna Ygrar ataşy atly sahna eseri gatnaşýar.Bu eser Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly eseriniň birinji kitabynyň 83-nji sahypasynda beýan edilýän Mähri külal we Bahaweddin külalyň Amul galasyny goramakda, Watana, il-güne wepaly bolmakda görkezen nusgalyk işleri baradaky hekaýatdan esas alýar.

Sahnada bu gahrymanlardan başga-da oýunda Mähri külalyň gyzy Gülnur, Dowly dellal, Sarwan beg ýaly birnäçe gahrymanlar hereket edýärler.Täsirli wakalara beslenen sahna eseri tomaşaçylarda Watana söýgüniň oňa hyzmat etmekde hem-de goramakda ygrarlylygyň belent göreldesini terbiýeleýär.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň merkezinde gurlan 500 orunlyk Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ajaýyp täze binasy 2006-njy ýylyň oktýabrynda açylyp, ulanylmaga berildi.Teatryň binasynyň bezeg işleri, oturdylan ses, yşyk, tehniki serişdeleri, tomaşaçylar zaly, teatryň sahnasy, grim we iş otaglary dünýä ülňülerine laýyk gelýär.

Teatrda Garaşsyzlyk ýyllarynda 150-den gowrak sahna oýunlary sahnalaşdyryldy.Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry Türkmen teatr sungaty atly teatr festiwalyna G.Jumaýewiň eseri esasynda sahnalaşdyran Mertler Watany beýgeldýär atly sahna oýny Gahryman Arkadagymyzyň Ömrümiň manysy atly ajaýyp eseriniň 184-nji sahypasyndaky Gorkut ata ýaly danalar Oguz hanyň parasatly sözlerini ýat tutupdyrlar, öz döwrüniň oguz wakalaryny rowaýat edipdirler, şeýdip bütin Oguz kowmunyň danasyna öwrülipdirler - diýen parasatly sözlerinden başlanýar.

Sahna oýnunda Gorkut atanyň boýlarynda agzalýan oguz gerçegi Beýkel ogly Ymranyň Watan goramakdaky gahrymançylyklary wasp edilýär.Türkmen maşgalasynda ata bilen ogluň gatnaşyklary, ogluň atanyň ornuny mynasyp bolmak üçin yhlasy, perzent terbiýesi, ata Watana bolan çäksiz söýgi dabaralandyrylýar.

Eser ýaşlarda Watan mukaddesligine bolan beýik söýgini, batyrgaýlygy hem edermenligi terbiýeleýär.Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra 2006-njy ýylyň oktýabr aýynda teatryň 500 orunlyk täze binasy gurulyp doly ulanylmaga berlen Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň N.Gurbanmyradow edebi ýazgysyna görä sahnalaşdyrylan Türkmen sahysy atly oýny bilen Türkmen teatr sungaty atly teatr festiwalyna gatnaşýar.

Teatryň täze sahnalaşdyran eseri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan Türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri atly eserindäki Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym...atly bölümindäki halalhonlygy, jomartlygy, sahylygy beýan edýän rowaýatlaryň wakalary janlandyrylýar.

Sahna oýunynda halk arasynda sahylygyň ezeli, jomartlygyň nusgasyna öwrülen, ady rowaýatlara siňip asyrlar aşan, elaçyk, päk göwünli Hatam Taýyň keşbi ör boýuna galýar.Hatamyň ýadawsyz işjanlylygy, adamkärçiliginiň beýikligi, arassa ahlagy ýaşlar üçin nusgadygy wagyz edilýär.

Görnüşi ýaly, festiwala hödürlenen her bir sahna oýnunda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde beýan edilýän beýik watansöýüjilik, halallyk hem zähmetsöýerlik ýaly taglymatlary giňden wasp edilýär.Bu sahna eserleriniň tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolup, ýaşlaryň milli döwletlilik ýörelgelerine, şöhratly atalarymyzyň nurana ruhlaryna ygrarlylygy terbiýelemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýarys.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine daşary ýurtly medeniýet we sungat ussatlary hem işjeň gatnaşmagy, Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda geçirilýän teatr festiwalynyň açylyş dabarasynda Azerbaýjan, Ermenistan, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan ýaly döwletleriň teatr artistleriniň sanly aragatnaşyk arkaly gatnaşmagy halypa artistlerden döredijilik tejribelerini alyşmagyna-da giň şertleri döretdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň girelge eýwanynda teatr dünýäsine bagyşlanan, ussat artistleriň döredijilik ýoluny açyp görkezýän şekillendiriş işleriniň sergisi guraldy.Festiwalyň çäginde, has takygy 24-nji maýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Türkmen teatr sungaty atly teatr festiwalyna gatnaşýan teatr toparlarynyň ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda Teatr döwrüň ruhy aýnasy atly iş maslahaty geçiriler.

Munuň özi, ýaş sungat nesilleri üçin ussatlyk sapagy hem-de halypalardan tejribe almakda ýatdan çykmajak döredijilik mekdebi bolar.Görnüşi ýaly, belli teatrlaryň döredijilik toparlary bilen birlikde ýurdumyzyň welaýat teatrlarynyň artistleri hem teatr festiwalyna ýokary taýýarlykly geldiler.

Teatr sungatymyzyň giň gerimde ösdürmekde ajaýyp şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza, biziň ruhy dünýämiziň täjine öwrülen çuň mazmunly eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdýarys, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Agamyrat BALTAÝEW

Ýene degişli makalalar

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirilýär
Halk teatrlarynyň bäsleşigi
Gazagystanly teatr artistleri Aşgabatda çykyş etdiler
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Aladdin atly täze oýun sahnalaşdyryldy
Türkmenistanda Baş täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy
Özbegistanyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry Şasenem we Garyp atly sahna eseri bilen Aşgabatda çykyş etdi