Wirusologiýanyň we biotehnologiýanyň döwlet ylmy merkezi “Wektor” 2021-nji ýylyň ahyrynda mama keseline garşy sanjymy hasaba almagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda synag işleriniň ikinji we üçünji tapgyrlary tamamlanýar diýip, merkeziň baş müdiri Rinat Maksýutow “Izwestiýa” gazetine beren interwýusynda aýtdy. Bu barada news.rambler.ru habar berýär.
Mundan başga-da, “Wektoryň” baş müdiri merkez tarapyndan döredilen HIOX-14 mama keseline garşy derman serişdesiniň klinikadan öňki synaglaryň ähli tapgyrlaryndan geçendigini, häzirki wagtda meýletinçilerde kliniki synaglaryň birinji tapgyrynyň tamamlanandygyny habar berdi. Häzir şuňa meňzeş derman diňe ABŞ-da bar.
Tebigy mama keseli global sanjym maksatnamasy bilen bütin dünýäde ýeňmek başardan ýeke-täk ýokançdyr.Bu kesel bilen adamyň kesellemeginiň iň soňky hadysasy 1977-nji ýylda Somalide hasaba alyndy, 1980-nji ýylda bu keselden üstün çykylandygy resmi taýdan yglan edildi.
Häzirki wagtda wirusy saklamaga we ony öwrenmäge diňe Russiýanyň “Wektor” merkeziniň we ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň (Atlanta, Jorjiýa ştaty) hukugy bar.