15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Taryhy we
medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli
müdirligi onlaýn görnüşde alymlaryň halkara duşuşygyny gurady.
Maslahat
Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti atly mowzuk bilen baglanyşykly boldy.
Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen wideomaslahat bilen
birlikde, alymlar tarapyndan ýurdumyzyň dürli ýadygärliklerinde ýüze çykarylan
tapyndylaryň sergisi guraldy.
Duşuşykda
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň
direktorynyň orunbasary Natalýa Solowýowa Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän
Ýylgyndepe eneolit ýadygärligini öwrenmek boýunça köpýyllyk türkmen-rus
hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Bolon uniwersitetinden doktor Barbara
Çerazetti çykyşyny Murgap derýasynyň gadymy hanasynda otuz ýylyň dowamynda
geçirilen italýan-türkmen ylmy-barlaglaryna bagyşlady.
Taryh
ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa Goňurdepede soňky ýyllarda geçirilen
türkmen-russiýa ylmy barlaglarynyň netijeleri barada gürrüň berdi. Professor
Linni Rouz Gadymy Marguşyň çägindäki ýadygärlikleri öwrenmek boýunça
türkmen-amerikan taslamasy bilen tanyşdyrdy. Doktor Hulio Bendezu-Sarmento we
doktor Joanna Lýuilýe bilelikdäki çykyşyny Ulugdepe — Merkezi Aziýa
siwilizasiýasynyň gözbaşy: fransuz-türkmen arheologik ekspedisiýasynyň
ylmy-barlaglary diýip atlandyrdylar.
Professor
Karlo Lippolis türkmen-italýan arheologik ekspedisiýasynyň Köne Nusaýda
2019-njy ýylda geçiren ylmy barlaglarynyň netijeleri barada habar berdi.
Oksforddan doktor Pol Wordstwort hem-de Nýu-Ýorkuň Metropoliten sungat
muzeýinden doktor Martina Rugiadi Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän, orta
asyrlara degişli Daňdanakan hem-de Kuşmeýhan ýadygärliklerinde halkara
hyzmatdaşlygyň ilkinji netijeleri barada gürrüň berdiler.
Doktor
Hose Luis Blesa Dehistanyň çäginde geçirilen türkmen-ispan arheologik
ylmy-barlaglary barada aýtdy.
Londonyň
Uniwersitet kollejiniň ýüpek ýoly kafedrasynyň professory öz çykyşyny
Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň maglumatlarynyň elektron
binýadyny döretmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga bagyşlady.