“Waymo” şereketi täze sürüjisiz taksisini tanyşdyrdy. “Alphabet” kompaniýasyna degişli bolan şereket bu ugurda uly tejribe gazandy.Indi bolsa kompaniýa “Chrysler Pacifica Hybrid” ulagyny sürüjisiz görnüşini taýýarlady.
Hytaýyň “Geely” kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlanan ulag dolulygyna özbaşdak, ýagny hiç hili sürüji bolmazdan hereket edip bilýär.Elektrik energiýasy bilen işleýän ulag howpsuzlyk üçin kamera, radar we LiDAR ýaly gerekli tehnologiýalar bilen üpjün edilipdir.
Ulagda sürüji we ulagy dolandyrmaga degişli hiç hili abzal göz öňünde tutulmandyr.Bäş orunlyk ulagyň öň tarapynda bir ekran göz öňünde tutulypdyr.Bu ekranda ulaga degişli zatlara gözegçilik edip bolýar.
Ulagyň köpçülikleýin önümçiliginiň “Geely” kompaniýasyna degişli bolan “Zeekr” şereketi tarapyndan öndüriljekdigi mälim edildi.Ulagyň ýol hereketine goşuljak wagty häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.
Röwşen Sapargulyýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy