Waýldermi ýa-da Fýuri

439243.jpgBoks muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşan duşuşygynyň wagty gelip ýetdi.Amerikaly Deonteý Waýlder bilen angliýaly Taýson Fýuriniň arasyndaky ikinji, has takygy, haklaşyk duşuşygy ertir geçiriler.WBC-niň çempionlyk guşagynyň ýeňijisini kesgitlejek bu duşuşyk ABŞ-nyň Las-Wegas şäherindäki “MGM Grand Garden Arena” desgasynda geçiriler.

Ol Aşgabat wagty bilen 10:00-da başlar.Olaryň arasyndaky 1-nji duşuşyk deňlikde tamamlanypdy. 34 ýaşly Waýlder mundan ozal geçiren 43 duşuşygynyň 41-sini nokaut bilen, jemi 42-sinde ýeňiş gazandy. 31 ýaşly Fýuri bolsa 30 duşuşygyň 29-synda (20-si nokaut) garşydaşlaryndan rüstem gelmegi başardy.

Ýene degişli makalalar

Ýykylan göreşden doýmaz
Ikinji duşuşygyň wagty mälim edildi
WBC guşagy ugrunda
Deňlikde tamamlandy
Ýene-de Waýlder ýeňiş gazandy
Taryhy duşuşygyň wagty mälim edildi