“Watanyň geljegi bagtyýar nesil” atly baýramçylyk dabarasy.

“Watanyň geljegi  bagtyýar nesil” atly baýramçylyk dabarasy.

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Aşgabat” seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Watanyň geljegi bagtyýar nesil” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi.Dabara dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda kitaphananyň hünärmenleri çagalar bilen bilelikde dürli pikirli hem-de hereketli oýunlary oýnadylar, seýilgähe gezelenç etdiler, çagajyklar dürli suratlary çekdiler, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän goşgulary aýtdylar.Göçme kitap sergimizde ýerleşdirilen birnäçe ertekileri uly gyzyklanma bilen okadylar. Şeýle-de kitaphanamyzyň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar çagalara gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

2-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ysraýyl, Göçme Hassahanany Nyşana Aldy
Arkadag şäherinde ulanyljak döwrebap ulaglar sowgat berildi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum
“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi
Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeldilýär