Watanymyzyň we jemgyýetimiziň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary

Watanymyzyň we jemgyýetimiziň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary

24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, onuň halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna döwlet sylaglaryny hem-de hormatly atlary dakmak baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlyklary üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň uly topary Altyn asyr, Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin ordenleri, Gaýrat, Watana bolan söýgüsi üçin medallary bilen sylaglandylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy
Lukmanlar 'möhleti geçip barýan, arzanladyşa degişli dermanlary geçirmäge çalyşýar' - ýerli ýaşaýjylar
Polisiýa işgärleri awtobuslardaky ýolagçylary pagta ýygmaga mejbur edýärler
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
ВЫСТУПЛЕНИЕ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА СЕРДАРА БЕРДЫМУХАМЕДОВА НА ДОВЛЕТ МАСЛАХАТЫ