Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçmek, hojalygy dolandyrmagyň netijeli gurallaryny ornaşdyrmak, baý tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri milli Liderimiziň baştutanlygynda yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasy ugurlary bolup, olar geçen hepdäniň wakalarynda öz beýanyny tapdy.
27-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýändigi bellenildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek meselelerine möhüm üns berildi. Nebitgaz ulgamyndaky özara gatnaşyklary bilelikdäki tagallalaryň netijeli birleşdirýändigi mysal hökmünde görkezildi. Malaýziýanyň “PETRONAS” döwlet kompaniýasy bu ulgamda Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.
Işewür gatnaşyklary ösdürmek, uzak möhletli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin köp sanly geljegi uly ugurlaryň bardygy bellenildi. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek, şeýle hem bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertler bar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli birnäçe täze desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi. 28-nji oktýabrda Aşgabatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýol-ulag düzümine degişli desgalar toplumynyň we täze myhmanhananyň açylyş dabaralary boldy.
Döwlet Baştutanymyz awtoulagyna münüp, ulanmaga berlen ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň aýlawly ýoly bilen aýlanyp, paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň ikisiniň täzelenen ugry boýunça hereketiň açylmagyna badalga berdi.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli “Mahabat” binasy ýerleşdirilen toplumyň taslamasyny düzmek we gurmak, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak hem-de eltiji inženerçilik kommunikasiýalaryny çekmek ýerli telekeçilere ynanyldy.
Paýtagtymyzda täze gurlan ýol-ulag düzüminiň desgalar toplumy 4,5 gektar meýdanda ýerleşdirildi. Gurluşygyň umumy meýdany 44 müň 340,95 inedördül metre deň boldy. Ýerasty geçelgäniň uzynlygy 350 metre barabardyr.
Ýeri gelende aýtsak, degişli taslama amala aşyrylanda onuň bezegine hem aýratyn üns berildi. Ýerasty awtomobil we pyýada geçelgäniň üstünde özboluşly görnüşi bolan “Mahabat” binasy oturdylyp, onuň boýy we ini 16 metre barabardyr. Binanyň granlary Oguz hanyň ýyldyzy görnüşinde ýerine ýetirilip, onda oturdylan wideoekranlarda dürli mahabatlar we beýleki maglumatlar görkeziler.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurlan “Diwan” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu binany ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan dünýä belli “Rönesans” kompaniýasy gurdy. Onda ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek, olaryň amatly dynç alşy we dürli çäreleri guramak üçin zerur şertler döredildi.
Döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasynda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň “Mert çykar myhmana güler ýüz bilen” diýen paýhasly jümlelerini aýdyp, täze myhmanhananyň türkmen halkynyň myhmansöýerlik däpleriniň özboluşly nyşanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz myhmanhanada “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Ol milli Liderimize kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleri we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Täze desgalar “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýurmasy esasynda “Weli Gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi.
600 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýan toplum birnäçe kärhanalaryň desgalaryny, şol sanda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleri birleşigini hem-de “Awtoulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýar.
Bu ýerde ýangyn söndüriji beket, awtoulaglara ýangyç guýýan stansiýa, 1 müň 800-e golaý awtobusa, 800 taksä niýetlenen bassyrmalar, hyzmat ediş hem-de tehniki dispetçer nokatlary, awtotürgenleşik meýdançasy bar.
Ýewropa — Kawkaz — Aziýa hem-de Owganystan —Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis-Lazuli) halkara ulag geçelgeleriniň iri üstaşyr merkeziniň wezipelerini ýerine ýetirjek bu toplumyň ulanmaga berilmegi bilen, pudagyň işi has-da ilerlär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze toplumyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belledi.
Köpugurly “Jahan” döredijilik merkeziniň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin sowgada öwrüldi. Bu ýerde sazandalaryň, tansçylaryň, aýdymçylaryň doly derejeli işi üçin ähli zerur şertler döredildi. Döredijilik merkezinde çagalaryň höwes edýän ugurlary boýunça birnäçe gurnaklar, toplumlar we studiýalar, şeýle hem sport zallary hereket eder.
Ministrler Kabinetiniň 29-njy oktýabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli wajyp meselelere garaldy.Onuň dowamynda telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan we gaýtadan işleýän düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, obasenagat toplumyny kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna guraljak dabaralara taýýarlyk görmek, kanunçylygy kämilleşdirmek, dünýäde milli taryhy-medeni mirasymyzy wagyz etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlaryň we içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyny geçirmegiň we ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň tertibi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, “Harby gullukçylaryň hukuk derejesi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny işlenip taýýarlanyldy.
Milli Liderimiziň garamagyna sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynyň taslamasy görkezildi. Ol pudagyň kadalaşdyryş-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, sanly bilimi we saglygy goraýşy döwrebaplaşdyrmak, “Elektron Hökümet” ulgamyny doly möçberde herekete girizmek, döwlet hyzmatlar e.gov.tm. portalynda sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda banan we sitrus miwelerini ösdürip ýetişdirmek boýunça gurluşygyň taslamalaryny taýýarlamak baradaky hasabatlary diňläp, daşarky bazarlaryň isleglerini öwrenmek, halkara söwdasynyň oňyn tejribelerini özleşdirmek we harytlary ýerlemek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçilige goldaw bermek syýasatynyň yzygiderli dowam etjekdigini aýtdy.
Raýatlarymyzyň saglygyny goramak babatda şypahana-bejeriş ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegine möhüm üns berilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň, şeýle hem Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany amala aşyrmak babatda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalaryny oňlady.
Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi adamlaryň saglygynyň berkidilmegine oňyn täsir eder we şypahanalaryň işini kämilleşdirmäge, tebigy-syýahatçylyk mümkinçiliklerini rejeli we netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzda bolşy ýaly, dünýä bazarlarynda şypahana hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Raýatlaryň saglygy we sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, bagy Bitarap Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, mejlisde sport babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.
Hususan-da, ýurdumyzyň Ýewropanyň sport ýaryşlaryny dolandyrmak baradaky Konwensiýasyna (2014-nji ýylda Şweýsariýanyň Maglingen şäherinde kabul edildi) hem-de Halkara sambo federasiýasy we Halkara tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky, Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Olimpiýa komiteti, Koreýa Respublikasynyň Sport we Olimpiýa komiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalaryny taýýarlamak hem-de ýakyn wagtda olara gol çekmek teklip edildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň halkara sport guramalarynyň işine toplumlaýyn gatnaşmagy maksadalaýyk hasaplanylýar. Bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň düzümine girmegi boýunça işlere başlamak maksadalaýyk bolar.
Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyllarda Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda Bedenterbiýä we sporta jogapkär ministrleriň VII halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi. Mundan başga-da, döwletimizde Halkara Olimpiýa komitetiniň mejlisini hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyny geçirmek teklip edildi.
Şunuň bilen birlikde, Olimpiýa Hartiýasyna hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň resminamalaryna esaslanyp, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Tertipnamasyny we işini kämilleşdirmek teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Aşgabat şäher häkimligine degişli köp gatly awtoduralgalaryň 9-syny hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumyny olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak baradaky Karara gol çekdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde ýurdumyzda bag ekmek hakynda” Karara gol çekdi.Resminama laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäginde 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran Kararyna laýyklykda, ekilmegi bellenen 10 million düýp nahala goşmaça 15 million düýp saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallaryny ekmegi üpjün etmek bellenildi.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenilýän ýylda jemi 25 million nahal ekmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz 30-njy oktýabrda Seulda wideomaslahat görnüşinde geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Uzak aralykdan geçirilen forumyň işine döwlet Baştutanlary, tanymal syýasy işgärler, akademiki toparlaryň wekilleri, söwda-ykdysady toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, saglygy goraýşyň, bilimiň, aragatnaşygyň we ýokary tehnologiýalaryň ýolbaşçylary, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Koreýa Respublikasynyň we beýleki ençeme ýurtlaryň hökümete degişli däl guramalarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde bu çärä Ýewraziýada halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin ösdürmegiň strategik taýdan ähmiýetli meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy bilen baglylykda, öz wagtynda öňe sürlen başlangyç hökmünde garaýandygyny belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany Ýewraziýa yklymyny toplumlaýyn ösdürmegiň täze meýilnamalaryny döretmek babatda öz garaýyşlaryny beýan edip: “Biz Türkmenistanda muny Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi diýip atlandyryp, bu ýerde ýaşaýan halklaryň hem-de onuň ugrunda ýerleşýän döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň täsin häsiýetiniň taryhy taýdan dowamatlylygyny aýdyňlaşdyrýarys” diýip belledi.
Milli Liderimiz: Bu taslamanyň amala aşyrylmagy Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça häzirki zamanyň geoykdysady gurluşyny ýola goýmagyň möhüm ýagdaýy bolup biler diýip nygtady.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz türkmen-koreý gatnaşyklarynyň netijeliliginiň mysaly hökmünde koreý kompaniýalary bilen bilelikde nebitgaz we gazhimiýa senagatynda amala aşyrylan taslamalaryň birnäçesini görkezdi.
Forumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri-de koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan üýtgeşmeler hem-de Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek boldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýändigini we ylmy diplomatiýanyň gurallaryny saglygy goraýyş we dünýä ýurtlarynyň arasynda ylmy-barlag ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ulanmaga çagyrýandygyny bellemek möhümdir.
Geçen hepdede Türkmenistanyň DIM-inde wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň ÝYK-sy bilen hyzmatdaşlygy, hususan-da, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini berkitmek, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, şonuň ýaly-da ekologiýa howpsuzlygyny we energiýa netijeliligini goldamak meselelerinde hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygy nygtaldy.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda onlaýn görnüşinde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň ýolbaşçysy Mohammad Şakir Kargary bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetleşligiň barşynda OYR-da parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmegiň, şonuň ýaly-da iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň işjeň gatnaşmagynda bilelikdäki geosyýasy we geoykdysady ähmiýetli taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmegiň, köp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goňşy döwletler bilen, hususan-da, Owganystan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, dostlukly döwletiň halkara ykdysady ulgama goşulyşmagyna ýardam etmäge aýratyn ähmiýet berýändigini bellemek gerek.
BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmegiň baş ugruny amala aşyrmakda hem-de Owganystanda parahatçylygy ýola goýmagy ilerletmekde özara hyzmatdaşlygyň meseleleri “Hindistan — Merkezi Aziýa” dialogynyň ikinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.Wideomaslahat görnüşinde geçirilen bu çärä Hindistanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar duşuşyga ýörite myhman hökmünde gatnaşdy.
Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygyň has möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar. BMG we beýleki abraýly düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berildi.
Mejlisde Bahreýn Patyşalygynyň Milli assambleýasynyň wekilleriniň geňeşiniň başlygy Fawziýa Abdulla Ýusuf Zaýnal bilen geçirilen wideoduşuşykda türkmen-bahreýn parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.
Söwda-senagat edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň Telekeçiler palatasynyň wekilleri bilen onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde ýangyç-energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, oba hojalygy, dokma, himiýa we azyk senagaty hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk teklipler aýdyldy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyrdaky ösüşine kuwwatly itergi berendigini bellemek gerek.
Geçen hepdede Statistika baradaky döwlet komitetinde BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti (ESKATO) üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň wekilleri bilen sebitleýin onlaýn duşuşyk geçirildi. Ilatyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwynyň we ilatyň tebigy hereketini hasaba almagyň maglumatlaryny görkezijileri we analitik strategiýalary ölçemek üçin ulanmagyň meselelerine seredildi.
Şonuň ýaly-da, netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy we ony Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirmek ýaly ileri tutulýan ugurlaryň mümkinçilikleri barada durlup geçildi.
Hazar deňzi institutynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halkara ummanlar instituty bilen (IOI) hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan “tegelek stol duşuşygy geçirildi.
Hazar deňzini dolandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi, hususan-da, bu täsin deňiz babatda halkara deňiz konwensiýalaryny ulanmak, halkara deňiz hukugy hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalarynyň çäklerinde ony öwrenmegiň meselelerine garaldy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalyk birleşikleriniň howa babatda durnukly ykdysady işini goldamak” atly taslamasynyň çäklerinde taslamanyň iş toparynyň onlaýn görnüşdäki jemleýji mejlisi boldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň suw we ýer serişdelerini rejeli ulanmak maksady bilen, pudaklaýyn hem-de hukuk guralyny kämilleşdirmegiň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleri bilen baglylykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleriň ähmiýetini nygtap, mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň işgärleri “Demografik çaklama” atly okuw maslahatynyň tapgyrlaryna gatnaşdylar. Olary BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde gurady.
Aşgabatda 28-29-njy oktýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020” atly XXV halkara maslahat geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri forumyň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Diňe bir däp bolan görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan onlaýn görnüşde ýaýradylan maslahata dünýäniň 30 ýurdundan iri nebitgaz kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň wekilleri, halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, bilermenler we analitikler gatnaşdylar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary ýurtly işewürler toparlary üçin maýa goýum babatyndaky barha artýan özüne çekijiliginden habar berýär.
Forumda Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi, şonuň ýaly-da bu babatda halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyldy. Mejlisleriň çäklerinde energetika bazarlarynyň häzirki ýagdaýy hem-de olaryň ösüşiniň ählumumy meýilleri, COVID-19 pandemiýasyndan soňra energetika dünýäsinde tebigy gazyň orny jikme-jik seljerildi.
Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüm bölekleriniň we olaryň mümkin bolan hyzmatdaşlarynyň arasynda onlaýn duşuşyklar geçirildi.
Bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm meseleleri, şonuň ýaly-da ählumumy täsirleriň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine täsirini seljermegiň, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, Türkmenistanda pul dolanyşygynyň taryhynyň möhüm meseleleri Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlaryň mowzuklary boldy. Ol milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bagyşlandy.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, özgertmeleri amala aşyrmakda ýurduň kanunçylygyny, şol sanda bank ulgamyny düzgünleşdirýän kanunçylygy döwrebaplaşdyrmaga uly orun degişlidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, soňky ýyllarda döwrüň talaplaryny hem-de bu ulgamdaky hereket edýän halkara ülňüleri hasaba almak bilen, kanunçylyk-hukuk resminamalarynyň birnäçesi işlenip düzüldi.
Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda”, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirmek hakynda”, “Karz pul birleşikleri hakynda”, “Walýutanyň kadalaşdyrylyşy we daşary ykdysady gatnaşyklarynda walýuta gözegçiligi hakynda”, “Şahsy adamlaryň goýumlarynyň hökmany kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlary mundan beýläk wirtual diwarlyklaryň hem-de elýeterli elektron serişdeleriň kömegi arkaly internet ulgamynda görkezilýär. Bu bolsa uzak aralykda ýerleşýän ulanyjylara gije-gündiziň dowamynda öz diwarlyklaryny täzelemäge hem-de goşmaça maglumatlary girizmäge, täze şertnamalary baglaşmaga, bazar meýillerine baha bermäge, özüniň bu bazardaky ýagdaýyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Geçen hepdede ýurdumyzyň daýhanlary güýzlük bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Bu gymmatly ekin 690 müň gektar ýere ekilip, 2021-nji ýylda 1 million 400 müň tonna guşgursak galla hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Ekiş möwsümi bellenilen möhletlerde we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirildi.
Bugdaýyň ýokary önüm beriji we kesellere garşy durnukly sortlary taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, yzygiderli satyn alynýan dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary giňden ulanyldy.
Ýurdumyza ýene-de bir şatlykly habar gelip gowuşdy. Jemgyýetçilik pikiriniň ýagdaýy hakynda has ygtybarly maglumatlar çeşmeleriniň biri hasaplanylýan “Gallup” halkara barlaglar merkezi pikir soraşmalarynyň netijesinde taýýarlanan kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda, Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi. Özi-de bu wajyp ählumumy sanawda Türkmenistan şunuň ýaly orny geçen ýyllaryň ençemesinde hem eýeledi.
Ýurdumyzyň şanly senäni — Bitaraplygyň 25 ýyllygyny baýram edýän ýylynda äşgär edilen bu maglumat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Bu syýasatyň esasynda bolsa halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin has oňat şertleri döretmek, Watanymyzy gülletmek, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek hakyndaky aladalar durýar.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/11799?type=feed