Watanymyzyň asudalygynyň goragynda

8-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda alyp baran işleriniň jemleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli döwürde görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň barşy barada habar berildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen bilelikdäki harby okuw türgenleşigi barada hem hasabat berildi.Bu okuw türgenleşigi goşunlaryň ähli kysymlarynyň, Türkmen edermen ýörite maksatly güýçleriniň düzüm birlikleriniň harby gullukçylarynyň ýokary hünär derejesini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçendigini belläp, Milli goşunymyz üçin ýokary hünär derejeli harby gullukçylary taýýarlamagy, harby gullukçylaryň nazaryýet we söweşjeň taýýarlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwaroktýabr aýlarynda ähli ulgamlarda kanunylygyň berk berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edarany ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, kanun bozulmalaryny ýüze çykarmak, aradan aýyrmak we olaryň öňüni almak boýunça işleriň döwrebap usullarynyň işjeň ulanylmagyny üpjün etmek zerurdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Baş prokurora degişli görkezmeler berildi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň barşy, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, paýtagtymyzda we welaýatlarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleri çözmek üçin degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, içeri işler

ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryny hem-de bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen, kazyýet-hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda görlen çäreler şu edaranyň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzda abadançylygy üpjün etmek, ýolbaşçylyk edýän edaralarynda öňdebaryjy tehniki serişdeleri ulanmak boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda türkmenistanlylaryň we jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek, özygtyýarlylygy, konstitusion gurluşy, çäk bitewüligini pugtalandyrmak wezipelerine aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen utgaşykly işlemegiň wajypdygyny belläp, ministrligiň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eziz Watanymyzyň döwlet serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz bu düzümiň ýerine ýetirýän wezipesiniň örän wajypdygyna ünsi çekip, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek meselesiniň ileri tutulýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gözegçilik edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda döwrebap usullaryň ulanylmagyny işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi.

Adalat ministri M.Taganow 2023-nji ýylyň ýanwaroktýabr aýlarynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hereket edýän kanunçylyk namalaryny yzygiderli seljermegiň hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda olara üýtgetmeleri girizmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň hukuk ulgamynda düşünjelerini ýokarlandyrmak babatda möhüm çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, yzygiderli artýan ýük daşamalaryny kadalaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de bu edarany ösdürmegiň maksatnamasynyň amala aşyrylyşy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän ýörite okuwlar barada habar berildi.

Soňky ýyllarda Ýewraziýa yklymynda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň geostrategik orny barha artýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, gümrük serhedi arkaly ýükleriň we ulag serişdeleriniň geçirilişine bildirilýän talaplaryň berjaý edilişini, şol sanda hereket edýän halkara kadalara we milli kanunçylygyň degişli düzgünlerine laýyklykda, amallaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler, gündelik işde sanly ulgamyň ulanylyşy hem-de bu ulgama öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap tehnologiýalaryň we ýörite maksatnamalaryň has işjeň ulanylmagynyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň öz öňlerinde goýlan wezipeleri takyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygyny nygtady.Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy şol ýörelgelere esaslanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini, işini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmek, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini gowulandyrmak babatda mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreler görler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Jemgyýetiň asudalygy raýatlaryň bagtyýarlygy
5 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Halkymyzyň abadan durmuşy üpjün edilýär
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek çäreleri görülýär
Watan goragy ‑ belent mertebe