WATANSÖÝÜJILIGE ÝUGRULAN ESERLER

WATANSÖÝÜJILIGE ÝUGRULAN ESERLER

16-njy maýda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany toý ýylymyzda yglan edilen Türkmen teatr sungaty atly teatr bäsleşiginiň ýapylyş dabarasy geçirildi. Dabarada bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.

Ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryndan badalga alan bäsleşikde görkezilen eserler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine mynasyp sowgat boldy.

Ilki bilen, ýurdumyzyň teatrlarynyň bäsleşige hödürlän sahna eserleriniň çuňňur watansöýüjilige ýugrulandygyny bellemek gerek.Munuň şeýledigini Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň Soltan hakykaty hakda rowaýat, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň Seýitnazar Seýdi, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň Watanym — seždegähim, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň Üç dana, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň Alpnama, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň Türkmeniň bagty, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň Arçman rowaýaty, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň Ömür daragty, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň Heňňamlaryň hekaýaty, Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň Soltan Jelaletdin atly sahna eserlerinden hem görmek bolýar.

Bäsleşigiň teatr sungatyny ösdürmek bilen bagly ähmiýeti hakda gürrüň bermegini sorap, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

— Hormatly Prezidentimiziň teatr sungatyny ösdürmekdäki bimöçber aladalarynyň aýdyň beýanyna öwrülen bu bäsleşige Alp Arslan adyndaky milli drama teatrymyz Seýitnazar Seýdi atly sahna oýny bilen gatnaşdy.Biz bu oýnumyzy Gahryman Arkadagymyzyň Mertler Watany beýgeldýär atly eserinden ugur alyp taýýarladyk.

Eserde watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň ömür pursatlaryndan söhbet açylýar.Seýitnazar Seýdiniň keşbinde Döwran Hojageldiýew, Gurbandurdy Zeliliniň keşbinde Süleýman Eminow, Soltanýaz begiň keşbinde Döwlet Hanmämmedow, Tagangylyç serdaryň keşbinde Şirli Mollaýew, Durdy sopynyň keşbinde Akmyrat Arçykow, Seýdiniň gaýynenesiniň keşbinde Gerek Hojamämmedowa ýaly zehinli artistlerimiz çykyş edýär.

Bilşimiz ýaly, Seýitnazar Seýdiniň watançylygy nesillere nusgadyr.Ol hem sözi, hem gylyjy bilen duşmana garşy gaýduwsyz söweşen Watan ogullarynyň biridir.Mundan öň teatrymyzda Magtymguly Pyragy, Mollanepes hakdaky eserleri hem sahnalaşdyrdyk.

Geljekde Annagylyç Mätäji, Mämmetweli Kemine ýaly söz ussatlarymyz hakda sahna eserlerini taýýarlamagy göz öňünde tutýarys.Teatr sungatyny ösdürmek, döredijilikli işlemek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Düýn, bäsleşigiň ýapylyş dabarasynyň hem ýeňijilere baýraklaryň gowşurylmagynyň öň ýanynda ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda bäsleşikde çykyş eden teatr toparlarynyň ýolbaşçylarynyň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda türkmen teatr sungatynyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahat hem geçirildi. Şeýle bäsleşikler teatr sungatyny ösdürmekde, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir diýip, maslahata gatnaşyjylar biragyzdan bellediler hem-de Gahryman Arkadagymyza bäsleşigiň geçirilmegine döredip beren giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şeýlelikde, Türkmen teatr sungaty atly teatr bäsleşiginde iň gowy sahna oýny üçin 1-nji orna Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň Ömür daragty, 2-nji orna Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň Alpnama, 3-nji orna Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň Arçman rowaýaty sahna oýunlary mynasyp boldy.

Aýjemal Omarowa

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Nejep oglan türkmen filmi Stambulda geçirilýän festiwala gatnaşýar
BEÝIK AKYLDARLARYŇ PAÝHAS UMMANYNA BAGYŞLANAN TÄZE KITAP
Gündogar halklarynyň beýik akyldary
Medeniýet hepdeligi ― 2021: Seýitnazar Seýdiniň dogduk obasynda şahyrana çäre geçirildi
Türkmendemirýollary agentliginde hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk — bagtymyz atly täze kitaby bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi