Watan goragy asudalygyň kepili

Watan goragy  asudalygyň kepili

Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda ruhubelentlik bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününe gabatlanyp, Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda harby güýçlerimiziň maddy üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyna, serkerdelerimiziň hem esgerlerimiziň watançylyk, mertlik ruhunda terbiýelenmegine, olaryň söweşjeňlik ukyplarynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär.

Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilmegi döwletimiz tarapyndan Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylaryna hormatyň we olar hakda edilýän aladanyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Watan goragy - asudalygyň kepili atly baýramçylyk sergisi guraldy.

Muzeýimiziň gaznasynda saklanylýan A.Amangeldiýew, Ýu.D.Nowikow ýaly ussat nakgaşlaryň eserleri sergide görkezildi.Sergide harby esbaplaryň, ýaraglaryň gylyç, hyrly, pyçak, tüpeň ýaly gadymy nusgalary görkezilendir.Sergide sergilenen ot açýan ýaraglaryň biri-de hyrlydyr, ony ХIХ asyrlarda türkmenler has giňden ulanypdyrlar.

Niliniň içiniň hyrly bolanlygy sebäpli, ony hyrly diýip atlandyrypdyrlar.Ownuk zatlary salmak üçin ХIХ asyrlarda kise (gapjyk), däri salmak üçin deriden taýýarlanylan däri guty, därileri ölçemek üçin däri ölçeg gaby ulanypdyrlar.

Türkmen ýigitleriniň esasy harby esbaby egri gylyçdyr. Sergi hem egri gylyjyň gadymy nusgalary ýerleşdirildi. Halk arasynda oňa düýrme gylyç hem diýilýär.

Sergide görkezilen mukaddes Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini, parahatçylygyny sungatyň üsti bilen beýan edýän zergärçilik eserleri, şekilli halylar milli gymmatlyklarymyzyň kämil nusgasyny beýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň hüjüminde ölendigi öňe sürülen serkerde peýda boldy
Milli Basketbolçy Nilaý Aýdogan Ýer Titremesinde Ýogaldy
Prezident TRT World Forumda Dünýä Yglan Etdi
Sudanyň Ilatynyň 30 Göterimden Gowragy Kömege Mätäç
Funikulýar: daga çykýan otlular
Pele we Braziliýanyň ilkinji çempionlygy (Dünýä Kubogy 1958)