Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda,
* Podpolkownik Ýazgeldi Bäşimowiç Nuryýew Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine bellenildi, oňa möhletinden öň polkownik harby ady dakyldy we ol Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.
* Polkownik Muhammetgeldi Babageldiýewiç Agageldiýew Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesine bellenildi.
* General-mayor Durdyýew Şadurdy Amanmuhammedowiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy.
* Türkmenistanyň Adalat ministri, ýustisiýanyň geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowa Türkmenistanyň at gazanan ýuristi diýen hormatly ady dakyldy, oňa möhletinden öň ýustisiýanyň uly geňeşçisi hünär derejesi berildi.
* Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, maýor Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýewe podpolkownik harby ady dakyldy.
Şeýle-de, Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşantlary, berkarar Watanymyza birkemsiz gulluk edendikleri nazara alnyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandy.
Şeýle-de Garaşsyz Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.