Döwürlere barabar 10 ýyl:
2007-2017-nji ýyllar…
Bu sanlaryň arasynda täze zawodlaryň, fabrikleriň, mekdepleriň, hassahanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, muzeýleriň we kitaphanalaryň müňlerçesi, şu döwrüň içinde gurlan awtomobil we polat ýollarynyň, turbageçirijileriň onlarça müň kilometri, Türkmenistanda öndürilen, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleriň millionlarça tonnasy, asyryň iri taslamalaryna milliardlarça maýa goýumlary ýatyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarynda sazlaşykly ösüş depgini gazanylyp, döwletimiz dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna ynamly goşuldy.Milli Liderimiziň 2007-nji ýylda ýurt Baştutanlygyna saýlanan gününden bäri geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň halkara abraýy has-da belende galyp, ýurdumyz agrar ýurt bolmakdan çykyp, ösen senagat döwletleriniň hataryndaky mynasyp ornuny alýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler, oňyn özgertmeler ata Watanymyzyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle ägirt uly işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiz dur.Häzirki döwürde güneşli Diýarymyzda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda okgunly ösüşler gazanylýar.
Oba hojalygy bilen bir hatarda täze senagat desgalarynyň gurluşygy hem giň gerim aldy.Mundan başga-da gaz-himiýa, elektron senagaty ýaly täze pudaklar emele gelip, bu ugurda köp milliardlyk maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.
Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň käbirleri barada durup geçmegi makul bildik.
“DÖWLET ADAM ÜÇINDIR!” SYÝASATYNYŇ DABARALANMAGY“Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar”.
Bu konstitusion düzgün hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň binýady bolup durýar.2007-nji ýylda ählihalk tarapyndan ýokary döwlet wezipesine saýlanan pursatyndan bäri milli Liderimiz milli ösüşiň strategiýasyny amala aşyrmaga girişdi.2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda Ruhyýet köşgünde ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmek dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasyny kesgitledi, durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi.
Geljek ýedi ýylyň dowamynda biz “Bilimli nesil kuwwatly Watan”, “Medeniýet halkyň kalby”, “Halkyň saglygy ýurduň baýlygy” diýen şygarlar astynda işläris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Şonda nygtalşy ýaly, bilimi we ylmy ösdürmezden, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan döwür bilen aýakdaş gitmek mümkin däldir. Şu maksatlar üçin Türkmenistanda çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurulmagy dowam eder, täze ýokary okuw mekdepleri açylar, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de ýaşlaryň daşary ýurt dillerini düýpli özleşdirmegine aýratyn üns berler.Medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly orun degişlidir.
Biz halkymyzyň baý ruhy we medeni mirasyna daýanmak bilen, halkymyzyň dünýä ýüzünde gurýan halk, döredýän halk hökmünde tanalmagyny gazanarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.“Saglyk” Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmakda raýatlarymyza häzirki talaplaryň derejesinde lukmançylyk hyzmatlary üpjün ediler.
Enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, häzirki talaplara doly laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralaryny gurmak, şypahanalar ulgamyny giňeltmek, şeýle hem Hazaryň ekologiki taýdan arassa kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dünýä belli dynç alyş we sagaldyş merkezlerine öwürmek möhüm meseleleriň hatarynda görkezildi.Milli Liderimiziň pikirine görä, durmuş syýasaty bu döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň bähbitleriniň birleşýän ugry bolup durýar.
Işjeň we netijeli durmuş syýasaty ägirt uly serişdeleri talap edýär.Muny bolsa diňe ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlar başaryp biler.Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysady taýdan ösüşinde uly üstünlikleri gazanan Türkmenistan durmuş maksatnamalaryny ýylsaýyn giňeldip, olary halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirýär.
SENAGAT PUDAGYNYŇ TÄZE UGURLARYÝurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak hem-de ýerli çig malyň hasabyna gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň ykdysady binýadyny berkitmek babatda durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar.Esasan hem soňky ýyllarda ýurdumyzyň senagat düzümini has-da kuwwatlandyrmak babatda köp sanly önümçilik desgalary gurulýar.
Olaryň käbirini gysgaça ýatlap geçmek hem has ýakymlydyr.Gipsokarton çykarjak kärhana: Ýerli çig maldan gury gips garyndylaryny we gipsokartony çykarmaga niýetlenen bölümleri Magdanlyda bar bolan gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhananyň senagat zolagynda ýerleşer.
Häzirki wagtda bu ýerde 8 gektar meýdanda otaglary bezemek üçin gury garyndylaryň 100 müň tonnasyny hem-de ýylda 12 million inedördül metr gipsokarton çykarmaga niýetlenen hojalyk jemgyýetiniň önümçilik binýady döredilýär. Ýerli çig maldan gipsokartonyň özümizde öndürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän ýene-de bir ugur bolup, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň isleglerini köp derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.Biosnougurly polipropilenden plýonkalar öndüriler: Önümiň täze görnüşi bolan iki dürli (içi görünýän bir gatly hem-de soekstruzion, ýagny köp gatly) gaplaýjy plýonkalary çykarmagyň özleşdirilmegi Indoneziýanyň “P.T.Istana karang Laut” kompaniýasynyň gatnaşmagynda alnyp barylýar.
Bu ýerde çykarylyp başlanjak polipropilen plýonkalary propilen plýonkalaryndan artykmaçlyga eýedir.Zawodyň işgärleri ýerli çig maldan dürli görnüşli plýonkalaryň, şol sanda azyk önümlerini we senagat harytlaryny gaplamaga niýetlenen plýonkalaryň ýylda 21 müň tonna çenlisiniň taýýarlanylmagyny ýola goýýarlar.LED lampalarynyň önümçiligi: Senagat ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýardam bermeginde döredilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri durmuş we senagat otaglary üçin ýagtylandyryjy diotly yşyklandyryjylar bolan LED lampalarynyň iki milliona golaýyny öndürdiler. Ýurdumyzyň bazarlaryna hem-de ýöriteleşdirilen söwda kärhanalarynyň tekjelerine Watanymyzda öndürilen ýagtylandyryjy elektron abzallarynyň müňlerçesi ilkinji gezek gelip gowuşdy.Türkmenistanda elektron senagatynyň ilkinji kärhanasynyň açylan gününden bäri birnäçe aý geçdi.
Häzir önümçilik desgasynda kuwwatlylygy 3-den 24 watta çenli bolan yşyklandyryjylaryň her günde 17-24 müňüsi taýýar edilýär.
GAZ WE NEBIT-HIMIÝA PUDAGY KUWWATLANÝARNebit-gaz pudagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň iri pudaklarynyň biridir.Soňky ýyllarda bu pudagy ösdürmek babatda köp sanly iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirildi we geçirilýär.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda baý uglewodorod serişdelerimizi dünýä bazaryna diňe bir çig mal hökmünde däl, eýsem, olary gaýtadan işläp, bäsleşige ukyply dürli önümleri halkara bazaryna çykarmak babatda giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sinzo Abeniň Aşgabada bolan resmi saparynyň çäklerinde bu ýurduň işewür we maliýe toparlarynyň wekilleri bilen ylalaşyklaryň, şertnamalaryň we beýleki ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Olarda umumy bahasy ABŞ-nyň 18 milliard dollaryndan gowrak bolan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar we olaryň agramly bölegi gazy gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly taslamalar bolup durýar.Olaryň hatarynda etilenden pes basyşly polietilen önümçiligi boýunça gazy gaýtadan işleýän toplumyň gurluşygynyň; GTL ýapon tehnologiýasynyň esasynda tebigy gazdan suwuk ýangyjyň önümçiligi boýunça zawodyň; gazy polimere öwürmek boýunça gaýtadan işlenilýän zawodyň; “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmegiň çäklerinde desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bar.Golaýda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde iri gaz we nebit-himiýa pudaklaryny döretmek boýunça ýakyn on ýyla niýetlenen taslamalary işläp taýýarlamak barada hasabat berildi.
Bu taslamalar sebit we dünýä bazarlaryndaky ýagdaýlary hem-de gaz-himiýa önümlerine islegleri seljermek arkaly işlenip taýýarlanyldy.Hususan-da, Lebap welaýatynda ýerleşýän Bagaja gaz käninde tebigy gazy gaýtadan işleýän desganyň durkuny täzelemek hem-de onuň binýadynda ýylda 80 müň tonna butadiýen-sirol kauçugy we 45 müň tonna polistirol öndürjek gaz-himiýa toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde ýerleşýän Töreşyh käninde öndürilýän tebigy gazy gaýtadan işläp, kuwwaty ýylda 13 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürjek desgany gurmak göz öňünde tutulýar.Daşoguz welaýatynda Ýylanly gaz gysyjy desgasynyň golaýynda ýerleşýän Merkezi Garagum gaz ýataklar toplumynda iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek teklip edilýär.
Onuň çäklerinde 2 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işläp, ýylda 70 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürjek zawod gurlar.Bu zawodyň desgalarynyň ikinji tapgyry ýylda 200 müň tonna pes dykyzlykly polietilen öndürmäge niýetlenendir.Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýylda 1,5 milliard kub metr tebigy gazy we 117 müň tonna tehniki duzy gaýtadan işläp, ýylda 200 müň tonna pes dykyzlykly çyzykly polietilen, 390 müň tonna polipropilen, 100 müň tonna poliwinilhlorid, 10 müň tonna suwuk hlor, 82 müň tonna kaustik soda we 10 müň tonna duz kislotasyny öndürjek gaz-himiýa toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.Mundan başga-da, ýylda 4 müň tonna etilen gazyny we 2 müň tonna metanol önümini gaýtadan işläp, ýurdumyza uly möçberlerde daşarky bazarlardan getirilýän metildietanolamin himiki serişdesini öndürjek desgany gurmak göz öňünde tutulýar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan Mary welaýatynda karbamidi we metanoly gaýtadan işläp, ýylda 15 müň tonna karbamidli formaldegid konsentratyny öndürjek desgany gurmak teklip edilýär.Bilermenleriň seljermelerine laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli A-95 benzinine we dizel ýangyjyna bolan isleg, takmynan, iki esse artar. Şundan ugur alnyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy.Türkmenistanyň “mawy ýangyjyň” gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini nazara almak bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bu ulgamyny ösdürmek örän wajypdyr.
Bu babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler açylýar.