Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

20-nji noýabrda Waşingtonda Türkmenistanyň wekiliýeti her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy diýip, türkmen DIM-niň websaýty habar berýär.Türkmen delegasiýasyna ýurduň daşary işler ministry Reşit Meredow, amerikan delegasiýasyna ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça orunbasarynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Elis Wells ýolbaşçylyk etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen geňeşmelerde ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meseleleri babatynda pikir alşyldy.Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine we häzirki ýagdaýyna seretmek üçin syýasy geňeşmeleriň işiniň netijeliligini gazanmagyň möhümdigini bellediler. Şeýle-de taraplar iki döwletiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy geljekde has-da ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny tassykladylar diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Waşingtona saparynyň çäklerinde, 21-nji noýabrynda ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň ykdysady ösüş, energetika we daşky gurşaw boýunça orunbasary Kit Kraç bilen duşuşyk geçirildi.Taraplar söwda-ykdysady we ulag-üstaşyr ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda, nebit-gaz, sanly tehnologiýalar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Deýwid Heýl bilen duşuşyk geçirildi.Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy diplomatik gepleşikleriň derejesini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy seljerip geçdiler.

Diplomatlar Merkezi Aziýanyň sebit howpsuzlygy barada pikir alyşdylar hem-de öňüni alyş diplomatiýany peýdalanmagyň ähmiýeti we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini nygtadylar diýip, resmi habarda bellenýär.Aşgabat bilen Waşingtonyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Şondan bäri geçen döwürde Türkmenistan nebit-gaz we himiýa pudagynda, oba hojalygynda, transport-aragatnaşyk ulgamynda işleýän amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Metbugat maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli çap edilen görkezijiler amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 156 taslamanyň hasaba alnandygyny, olaryň umumy bahasynyň $2,5 mlrd dollara we 300 müň ýewro barabardygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan TIFA Geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy
Ysraýylly oppozision lider Netanýaha Gaza ylalaşygyny tamamlamagy üçin çagyryş etdi
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Prezident Erdogan ertir ABŞ-na gider
ABŞ-nyň iň gymmat uniwersitetleri
Billstrem Türkiye Bilen Gatnaşyklaryň Kämil Derejededigini Beýan Etdi