Warner Bros. kompaniýasy “Matrisanyň” täze bölüminiň adyny resmi taýdan mälim etdi

Warner Bros. kompaniýasy “Matrisanyň” täze bölüminiň adyny resmi taýdan mälim etdi

Warner Bros. kompaniýasy “Matrisa” franşizasynyň dördünji bölüminiň nähili atlandyryljakdygyny resmi taýdan mälim etdi we lentanyň ilkinji kadrlaryny görkezdi.

Döredijiler CinemaCon festiwalynda taslama barada giňişleýin maglumat berdiler. Film “The Matrix Resurrections” adyny aldy. Ony “Matrisa: Direliş” ýa-da “Matrisanyň direlmegi” diýip terjime etmek bolýar.

“The Hollywood Reporter” neşiriniň işgäri Aaron Kouç Twitterde festiwalda görkezilen ilkinji kadrlary suratlandyrdy diýip, riafan.ru belleýär.Onuň aýtmagyna görä, dördünji bölümde Kianu Riwziň ýerine ýetirmeginde Tomas Anderson öňki bölümlerde bolup geçen zatlary ýadyndan çykarýar we psihoterapewtiň ýanyna gatnap başlaýar.

Bir gün Neo kafede Trinitini tötänleýin görýär.Bu gahrymanyň keşbini Kerri-Enn Moss ýerine ýetirýär. Ýöne gahrymanlar biri-birini tanamaýarlar.

Filmiň premýerasynyň 2021-nji ýylyň 22-nji dekabrynda bolmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
"Warner Bros." 2021-nji ýylda hödürlejek filmlerini tanyşdyrdy
Iň gowy romantiki-drama filmleriniň sanawyndaky meşhur kinonyň ilkinji görkezilişi
Disney 2021-nji ýylda filmleri gibrid çykarmakdan ýüz öwürdi
Janpena ýene surata düşüriler
Kristofer Nolan atom bombasyny dörediji barada film surata düşürmekçi bolýar