Warner Bros. kinostudiýasy 2021-nji ýylda bir wagtyň özünde 17 filmi çykarmak kararyna geldi. Bu barada Cinema Blend portalyna salgylanyp, piter.tv belläp geçýär.
Kompaniýa indiki ýylda çykmaga taýýarlanýan filmleriň dünýä kinoteatrlarynda görkezilip başlanjakdygyny belleýär.Kino kompaniýasy ähli filmleriň bir wagtda hem kinoteatrlarda, hem HBO Max akym serwisinde çykjakdygyny düşündirýär.Onlaýn-kinoteatr premýeradan soň olary bir aý görkezer, şondan soň filmler onuň katalogyndan ýiter, ýöne Blu-ray we DVD-de çykýança kino prokatynda galar. Ýatlap geçsek, Deni Wilnýowanyň “Dýuna” we Lana Waçowskiniň “Matrisa 4” ýaly filmleriniň premýerasy 2021-nji ýyla meýilleşdirilen. Şeýle-de, Warner Bros. “Täsin aýallar 1984” filminiň premýerasynyň 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda kinoteatrlarda we HBO Max-da görkeziljekdigini habar berdi.
Akym serwisiniň ýaýlymy goýbermeýän ýurtlarynda kinokomiks prokata 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda çykar.