Wanuatudaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Wanuatudaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Halkara Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý jemgyýetleri federasiýasynyň (IFRC) wekili Keti Grinwud X sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ýer titremesinde zyýan çeken adamlaryň halas ediş işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

Ilkinji kömek, ýaşaýyş jaý we suw ýaly zatlara zerurlyklaryň bardygyny aýdan Grinwud, ýogalanlaryň sanynyň 14 adama ýetendigini, 200 adamyň bolsa bejergi astyna alynandygyny mälim etdi.

Wanuatuda geçen gün paýtagt Port Wila şäheriniň 30 kilometr uzaklygynda, ýeriň takmynan 57 kilometr aşagynda 7,3 bal ululygynda ýer titremesi bolupdy.

Ýer titremesinden soň berilen sunami duýduryşy, birnäçe wagt soň ýatyrylypdy.

Ýene degişli makalalar

Grinfild: "Bosgunlaryň rekord derejede artmagynyň jogapkäri Russiýa" diýdi
Türkmenistanda metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topar döredildi, Aşgabatda Rus diliniň güni we Puşkiniň doglan güni belleniler, Awazada Gün elektrik stansiýasy ulanmaga berildi we beýleki habarlar
ABŞ-nyň Esgerleriniň Siriýadan Çekilmegi Hakyndaky Taslama Kabul Edilmedi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Täze ýyl nirä, haçan geldi?
Iňlis Hökümeti 30 Ýyl Soň Kömür Magdanyna Lisenziýa Berdi