
Bolgariýaly merhum palçy zenan Wanganyň 2025-nji ýylda ahyrzaman başlanjakdygy barada aýdan çaklamasy belli boldy. Öň palçy zenanyň 2023-nji ýylda ahyrzaman başlanjakdygy barada aýdandygy nygtalýardy, emma onuň palynyň içgin öwrenilmegi bu döwrüň 2025-nji ýylda başlanjakdygyny görkezýär diýip, Rambler.ru ýazýar. Emma Wanganyň, hakykatdanam, şeýle çaklama aýdandygynyň hakyky subutnamalary ýok diýlip, habarda bellenýär.
Wanganyň sözlerine görä, geljek ýyl Ýewropadaky gapma-garşylyk yklymyň ilatyny ýok eder. Ol şeýle-de suwuň dünýä derejesiniň ýokary göteriljekdigini öňünden aýdypdy. Palçy zenanyň çaklamalarynda 2076-njy ýylda kommunizmiň bütin dünýäde ýaýrajakdygy, 2130-njy ýylda adamzadyň başga planetalylar bilen aragatnaşygy ýola goýjakdygy aýdylýar diýip, New York Post gazeti ýazýar.