Wan kölüniň düýbünden gadymy türkmen şäherçesiniň galyndylary tapyldy (suratly)

Wan kölüniň düýbünden gadymy türkmen şäherçesiniň galyndylary tapyldy (suratly)

Türk arheologlary Wan kölüniň düýbünden gadymy şäherçäniň gark bolan harabalyklaryny we Osman imperiýasyny esaslandyran türkmenleriň gaýa taýpasynyň tagmalary ýazylan gonamçylygy tapdylar.

Wan köli ermeni daglarynda ýerleşýän duzly suw howdanydyr. 2017-nji ýylda arheologlar onuň düýbünden uzynlygy azyndan bir kilometre, beýikligi dört metre çenli bolan galany tapdylar.

Mazar daşlarynyň käbiri hristian haçlary, käbirleri bolsa Osman imperiýasyny esaslandyran türkmenleriň gaýa taýpasynyň tagmalary bilen bellenilipdir.

Rus ylmy neşiriniň hem ýazmagyna görä, gaýy taýpasy Oguz hanyň Gün han atly oglundan gaýdýan iň gadymy türkmen taýpalarynyň biridir. Oguzlar ýazuw çeşmelerini işjeň ulanman, esasan, tagmalara uly üns beripdirler. Esasy tagma hökümdar tarapyndan geýilipdir, şol bir wagtyň özünde taýpanyň ähli emläkleri hem şol bir nyşan bilen bellenilipdir.

Surat: Naked Science

Alymlaryň seljermelerine görä, ilkibaşda Merkezi Aziýada ýaşan gaýy taýpasy XIII asyrda döwrüň çylşyrymly wakalarary esasynda Kiçi Aziýa göç edipdir.Ol ýerde bolsa Wizantiýa bilen söweşýän Konýa soltanlygyna harby ýardam edip, soltan tarapyndan Anadolynyň demirgazyk-günbataryndaky ýerleriň özlerine berilmegini gazanypdyrlar.

Taýpanyň baştutanlygyna Osman I-niň geçmegi bilen bolsa öz eýeleýän ýerlerini giňeldip başlapdyrlar we 1299-njy ýylda Osman imperiýasyny esaslandyrypdyrlar.Bu imperiýa 1453-nji ýyla çenli tutuş Kiçi Aziýany öz tabynlygyna alypdyr. Şol döwürlerden başlap gaýy taýpasy osmanlylar diýlip atlandyrylyp başlapdyr.

Emma olaryň tagmalary üýtgewsiz galypdyr.

Osmanlylaryň musulman bolandyklaryna garamazdan, olar uzak wagtlap hristianlar — ermeniler we assiriýalylar bilen oňşukly ýaşapdyrlar. Şeýle-de bolsa, bu halklaryň bilelikde ýaşandyklaryny, ýöne biri-birlerine bagly däldigini bellemelidiris. Şeýlelikde, kölüň düýbünden tapylan gymmatlyklar türkmen milletiniň taryhynyň örän gadymydygyny we bu barada alymlaryň nobatdaky ylmy seljermelerini dowam etdirilmelidigini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly alymlar adamy göze görünmeýän edýän material oýlap tapdylar
Akylly şäherler geljegiň şäheri
Zeminde janly görnüşleriň iň köp ýaşaýan ýeri kesgitlendi
Agaçlar howpsuz araçägi saklaýar
Kiprdäki suwa düşülýän ýerleriň üçden bir bölegi doly ýok bolar
Ýapon alymlary adamlarda täze diş çykarmagyň usulyny oýlap tapdylar